Hytaýa 3 aýda 2,42 milliardlyk tebigy gaz iberildi

2023-nji ýylyň 3 aýynda Türkmenistandan Hytaýa 2,42 milliard dollarlyk tebigy gaz iberildi. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berýär.

“TASS” habarlar gullugynyň müdirlige salgylanyp berýän habaryna görä, Türkmenistan turba geçirijiler arkaly Hytaýa tebigy gaz ibermekde birinji orunda durýar. Şu ýylyň 3 aýynda Hytaýa 2,42 milliard dollarlyk tebigy gaz iberilip, bu ugurdaky ösüş takmynan 14 göterime deňdir.

Ýanwar-mart aýlarynda Russiýanyň Hytaýa iberen tebigy gazynyň möçberi 1,76 milliard dollara deň bolup, 2,2 esse köpeldi.

Degişli döwürde Mýanma Hytaýa 409 million dollarlyk tebigy gaz iberip, bu ugurda üçünji bolupdyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Moskwada geçiriljek III Halkara çagalar medeni forumyna gatnaşar
TÜRKMENISTAN MOSKWADA GEÇIRILJEK III HALKARA ÇAGALAR MEDENI FORUMYNA GATNAŞAR
Türkmenistan Halkara Hazar Sanly Forumyna gatnaşmaga çagyrylýar
Ulýanowsk sebitinden Türkmenistana täze konteýner otlusynyň gatnawy ýola goýlar
Modi Moskwa bardy
Fransiýanyň hökümet başlygy Attal iş başyndan gitmekçidigini yglan etdi
Täjigistanyň we Hytaýyň liderleri ählitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada beýannama kabul etdiler