Hytaý zyýanly zyňyndylar üçin paý satyp başlady

Hytaý zyýanly zyňyndylar üçin paý satyp başlady

Hytaýda Şanhaýyň ekologiýa we energetika biržasynyň onlaýn meýdançasynda (Shanghai Environment and Energy Exchange (SEEE) kömürturşy gazynyň zyňyndylary üçin paý (kwota) satar ýaly Emissions Trading Scheme (ETS) ulgamy işe girizildi.

Häkimiýetleriň pikiriçe, täze mehanizm tebigatyň hapalanmagyna gözegçiligi güýçlendirer we milli kärhanalara “ýaşyl” ykdysadyýete geçmäge itergi berer.Bu barada Hytaýyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ministrligine salgylanyp, Xinhua agentligi habar berýär.

Muny lenta.ru ýetirýär.

Biržada söwda 16-njy iýulda bir paý üçin tonnasyna 48 ýuan (7,4 dollar) bolan başlangyç baha bilen başlady.Ilkinji şertnama 7,9 mln ýuana (1,2 mln dollar) baglaşyldy. 160 müň tonna kömürturşy gazy çykarmak üçin paýlar satyn alyndy.

Söwda gatnaşmak bilen, Hytaýyň kompaniýalary belli bir mukdarda zyňyndy hukugyna eýe bolýarlar.Hapalamak üçin ulanylmadyk hukuk oňa goşmaça zerurlygy bolan kärhanalara satylyp bilner.ETS ulgamyna CO2 zyňyndylarynyň umumy mukdary her ýylda dört milliard tonnadan geçýän iki müňden gowrak elektroenergetika pudagyndaky kärhana birikdi.

Bu ulgama nebithimiýa we himiýa senagaty, gurluşyk we metallurgiýa pudagyndaky kärhanalar hem goşulmagy göz öňünde tutýarlar.Ekologiýa we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Çžao Imminiň aýtmagyna görä, milli uglerod bazarynyň açylmagy döwlete ekologiýa pudagynda öňde goýlan maksatlara ýetmäge: 2030-njy ýyla çenli kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň azaldylmagyny gazanmaga, 2060-njy ýyla çenli uglerod taýdan bitarap ýurt derejesine çykmaga kömek eder.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda 37 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
Birža söwdalarynda 38 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
TDHÇMB-da duşenbe güni eksport geleşikleri $27 milliona golaýlady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
TDHÇMB-da çarşenbe güni eksport geleşikleri $19 milliona golaýlady
TDHÇMB: Owganystanly işewürler $7,4 millionlyk dizel ýangyjyny satyn aldylar
Birža söwdalarynda Türkmennebit döwlet konserniniň önümleri uly islegden peýdalanyldy