HHR-yň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň dolandyryş merkezi Urumçi şäherinde “Hytaý Ýewraziýa 2018” EKSPO altynjy sergisi açyldy. “Söwda Ýüpek ýoluny dikeltmek taslamasynda özara ara alyp maslahatlaşmak, bilelikdäki ösüş we köpçülikleýin gatnaşmak” - 2-nji sentýabra çenli dowam etjek şu ýylky serginiň şygarydyr.
Onuň açylyş dabarasynda HKP-nyň MK-nyň Syýasy býurosynyň agzasy, HHR-yň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Hu Çunhua çykyş etdi, ol Hytaýyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurtlar bilen işewür hyzmatdaşlygynyň ösýändigini belledi. Ol gözden geçirilişe gatnaşyjylary söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlaryny gözlemäge çagyrdy.
Urumçiniň Milli sergi merkezinde geçýän bu çärä Hytaýyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň 700-si gatnaşýar.Ykdysady foruma gatnaşýanlaryň arasynda ýurtlaryň 35-sinden ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, şeýle hem telekeçilik toparlarynyň wekilleri bar.
Daşary ýurt döwletleriniň pawilýonlarynda olaryň söwda we hyzmatlar pudaklarynda ýeten derejeleri hem-de mümkinçilikleri görkezilýär, Hytaýyň sergi bölümleri ýurduň senagat we ýokary tehnologiýalar ulgamynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýar.
“Ahalsyýahat”, “Aşgabatsyýahat”, “Daşoguzsyýahat”, “Aýan”, “Atlas” we beýleki syýahatçylyk kompaniýalarynyň dokusyzy Türkmenistana wekilçilik edýärler. Türkmen pawilýonyna gelýänlere geljekkki “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisi bilen tanyşdyrýan wideoşekillere syn etmäge mümkinçilik döredildi.
Şeýle hem türkmen sergi bölegi Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde taýýarlanan dokma önümleri bilen-de tanyşdyrýar. Ondaky önümler we matalar bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär.
Gözden geçirilişiň çäklerinde türkmen wekilýeti Hytaýyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirdiler.
Serginiň açylan güni Urumçi şäheriniň meri Ýasen Syddyki biziň ýurdumyzyň wekilýeti üçin agşamlyk nahar berdi, onda türkmen ykdysadyýetiniň syýahatçylyk we dokma pudaklarynyň gazananlary hem-de mümkinçilikleri bellenildi. Hytaý tarapy Türkmenistanyň şäherleri bilen Urumçiniň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmegi teklip etdi.
Umuman “Hytaý Ýewraziýa 2018” EKSPO sergisiniň türkmen bölegi ýurdumyza, onuň ykdysady, maýa goýum we syýahatçylyk mümkinçiliklerine, türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine we däp-dessurlaryna gyzyklanmanyň artýandygyny görkezdi.
Şu gün “Hytaý Ýewraziýa 2018” EKSPO sergisiniň çäklerinde Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň we Urumçi şäheriniň administrasiýasynyň, şeýle hem HHR-yň bu sebitiniň esasy syhaýatçylyk kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ikinji Türkmen-hytaý syýahatçylyk forumy gurnaldy.