Hytaý-ýapon hyzmatdaşlygy

Dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň biri bolan amerikan brendi “Apple” öz enjamlaryny Hytaýdaky we Taýwandaky zawodlarynda öndürýär.Bir-iki ýyldan bäri bolsa, “Apple” has arzan telefon modellerini satuwa çykardy.

Kompaniýanyň “iPhone XR” modellerine oturdylýan LCD ekranlaryny öndürýän “Japan Display” hytaý şereketi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy.Hytaýyň “Silk Road Fund” hem-de Taýwanyň TPK şereketleriniň eýeçilik edýän kompaniýalar topary ýapon şereketi bilen 723 million dollarlyk maýa goýum özleşdirmek babatda ylalaşdylar.

Ylalaşyga görä, “Japan Display”-iň 30-50 göterim aralygyndaky paýnamasy hytaýly kompaniýa degişli bolar.Mundan ozal şereketiň iň köp paýnamasyna Ýaponiýanyň INCJ kompaniýasy eýeçilik edýärdi.“Japan Display” şereketi “Apple”-iň “iPhone XR” modelleriniň LCD ekranlaryny öndürýär. Ýapon brendi OLED ekran öndürmeýändigi sebäpli, “iPhone Xs” we “Xs Max” modelleriniň OLED ekranlary “Samsung” kompaniýasyna sargyt edilipdi.

Ýene degişli makalalar

EKRAN öndürmekde-de öňdebaryjy
Ekran önümçiliginde hyzmatdaşlygyny artdyrýar
Iň gowy ekran iPhone 12 Pro Max
Redmi dolulygyna OLED-ekrana geçýär
Kagyz ýaly eplenýän ekran
Ilkinji süýnýän displeý