Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri Çenduda duşuşarlar

Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri Çenduda duşuşarlar

30-njy noýabr 1-nji dekabr aralygynda Hytaýyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Syçuan sebitiniň Çendu şäherinde Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 5-nji maslahaty geçiriler. Oňa Hytaýyň kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy we Hytaýyň daşary işler ministri Wan I başlyklyk eder. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, Sinhua habar berdi.

Hytaýda geçiriljek maslahata Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew, Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhridin, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Özbegistanyň daşary işler ministri Bagtyýor Saidow gatnaşar.

Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik edaralarynyň ýolbaşçylary hytaý tarapy bilen sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, özara gatnaşyklary berkitmek ýaly hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşar
Fuýu Türkçesi
ÝB-niň daşary syýasat başlygy, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Aşgabada gelip, MA saparyna başlaýar
DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Demirgazyk Koreýa bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalanýar
Demirgazyk Koreýanyň lideri artilleriýa birikmeleriniň türgenleşigini gözden geçirdi