Hytaý we Braziliýa sil joşmalaryndan ejir çekýär

Hytaý we Braziliýa sil joşmalaryndan ejir çekýär

Hytaýda sil joşgunlarynda dereksiz ýitenleri gözlemek işi şowly tamamlandy, yzyny üzmän ýagan çabgalar ýurduň gündogar we günorta sebitlerinde sil joşmalaryna getirdi. Öň 17 adamdan ybarat topar ýurduň gündogar ülkesindäki tokaýlaryň birinde dereksiz ýitipdi. Halas edijilere olary 6 sagadyň dowamynda halas etmek başartdy. Olaryň käbirine lukmançylyk kömegi berildi.

Meteorologlar çabga ýagyşlarynyň golaý günlerde güýçlenjekdigini çaklaýarlar.

Sil joşgunlaryndan Braziliýa hem ejir çekýär. Ýurduň San-Leopold şäherindäki stadion 800 adam üçin gaçybatalga boldy. Şäher synlamalaryň 200 ýyllyk taryhynda iň güýçli sil joşgunlaryny başdan geçirýär.

Munuň sebäbi bir hepde öň Braziliýanyň günorta ştatlaryna aralaşan tropiki harasatdyr. 10 müň adam ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur boldy. Häkimiýetler futbol stadionynda öýsüz galan ýaşaýjylar üçin wagtlaýyn gaçybatalga guradylar. Ýurduň hökümeti ähli ejir çekenlere öweztölegini wada berdi.

Ýene degişli makalalar

Ýangyn howpsuzlygy gullugy awtobusda dörän ýangyny wagtynda söndürip bilmedi
Awstraliýada Kenara Çykan Kitler Halas Edilip Bilinmedi
Koreýada Sil we Ýer Süýşmeleri Sebäpli Adam Pidalary Artýar
Awaza dynç almak üçin gidilende ýanyň bilen almaly we almaly däl zatlaryň sanawy
Nigeriýada Zamun Alynan 58 Adam Halas Edildi
Madagaskarda, ABŞ-da we Liwiýada gaýyk heläkçilikleri başdan geçirildi