Hytaý uzakdan duýgur emeli hemralary uçurdy

Hytaý şu gün sagat 09:19-da Hytaýyň günorta-günbataryndaky Siçuan welaýatyndaky kosmodromdan uzakdan duýgur emeli hemra toparyny kosmosa uçurdy.Emeli hemralar “Long March-2C” göteriji raketasy bilen orbita iberildi.

Bu “Yaogan-30” seriýasyna degişli 10-njy topar bolup, elektromagnit gurşawy gözden geçirer we köpsanly emeli hemra ulgamyny ulanyp degişli tehnologiýalary barlar. Şeýle hem, raketa “Tianqi-15” emeli hemrasyny hem orbita äkitdi.

Ol “Zatlaryň interneti” (Internet of Things) üçin peýdalanylar.

Bu uçuş “Long March-2C” seriýasyna degişli raketanyň 380-nji missiýasy boldy.

Hytaýyň uçuryş ulag tehnologiýasy akademiýasy tarapyndan işlenip düzülen “Long March-2C” daşaýjy raketanyň uzynlygy 43 metr, uçuş massasy 242 tonna barabar. Raketa 500 km belentlikdäki orbita iki tonna ýük äkitmäge ukyplydyr.

Ýene degişli makalalar

Kosmos internetini ýola goýar
Ilkinji gezek uçurdy
Hytaý "Yaogan-33" atly uzakdan duýgur emeli hemrasyny kosmosa iberdi
Täjirçilik maksatly 9 emeli hemrasyny uçurdy
Adamly kosmos bekediniň ilkinji bölegini uçurydy
Hytaý raketasynyň galyndylary Hindi ummanyna gaçdy
Hytaý kosmonawtlary uçuryldy