Hytaý Ukrainanyň Territorial Bitewiligini Ykrar Edýär

Hytaý Ukrainanyň Territorial Bitewiligini Ykrar Edýär

Zelenskiý: “Pekin Russiýa ýarag bermejekdigini tassyklady” diýdi.

Wladimir Zelenskiý: “Golaýda kardeşi bilen Hytaýda duşuşan daşary işler ministrimiz Dmitri Kuleba maňa duşuşyk hakynda maglumat berdi. Ukraina uzak ýyllardan bäri Hytaýa şeýle derejede sapar gurady we ol gowy” diýdi.

Ukrainanyň lideri şeýle hem; “Hyýaýyň Ukrainanyň territorial bitewiligini we özygtyýarlylygyny ykrar edýändigi bilen bagly anyk maglumatymyz bar. Şeýle hem Hytaýyň Lideri Si Szinpiniň maňa aýdyşy ýaly Hytaýyň Russiýa ýarag bermejekdigi hem tassyklandy” diýdi.

Zelenskiý beýanatyny ministr Kulebanyň hytaýly kardeşi Wang Ýi bilen geçiren duşuşygyndan soň berdi.

Ol Kulebanyň Russiýa bilen urşuň başlamagyndan bäri Hytaýa guran ilkinji saparydy.

Ýene degişli makalalar

Makron Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Russiýa Bilen Ukraina Ýesirlerini Çalyşdy
Britaniýa we Ukraina “100 ýyllyk ýaranlyk” ylalaşygyna gok çekişdi
Aliýew Bilen Zelenskiý Dawosda Duşuşdy
Rus Goşunynyň Ukraina Guran Soňky Hüjüminde 4 Adam Ýogaldy
“Ukraina Russiýa Bilen Gepleşik Geçirmäge Taýar”