Hytaý türkmen gaz lukmasyndan ýene uly bölegi goparmaga çalyşýar

Geri Sends

Eurasianet.org

Energetika Hartiýasynyň 28-29-njy noýabrda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilmegi planlaşdyrylýan 28-nji sessiýasyna Hytaýyň uly delegasiýasynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Hytaý resmileri Merkezi Aziýadan, hususan-da Türkmenistandan energiýa serişdeleriniň importyny giňeltmegi we bir milliard dollar bahasy bolan “Bir guşak, bir ýol” megaproýktiniň infrastrukturasy bilen bagly taslamalary ilerletmegi maksat edinýärler.

Energetika hartiýasy baradaky şertnama 1994-nji ýylda kabul edildi we Ýewraziýadaky serhetaşyr energiýa proýektleri, şol sanda inwestisiýa we trannzit üçin berk hukuk esaslaryny üpjün etmegi nazarda tutýar. Ýewropanyň we postsowet ýurtlarynyň uly bölegi oňa gol çekijiler bolup durýar. Hytaý 2001-nji ýylda gözegçi durumyny aldy.

Hytaýyň ykdysady ösüşi haýallan hem bolsa, energiýa serişdelerine bolan talap ýokary bolmagynda galýar. BP kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2016-njy ýylda nebitiň sarp edilişi 3,3% ösdi; 2005-2015-nji ýyllarda ösüşiň ortaça ýyllyk derejesi 5,7% boldy. 2016-njy ýylda gazyň sarp edilişi 7,7% köpeldi; 2005-2015-nji ýyllarda ol ortaça 15% ösdi.

Halkara energetika agentliginiň maglumatlaryna görä, Hytaýda gaza bolan talap 2022-nji ýyla çenli ýylda 8,7 prosent öser.Hytaýyň özüniň energiýa ätiýaçlyklary köp däl we şu sebäpden oňa halkara çeşmelerine elýeterliligi barha giňeltmek zerur.

Mundanam başga, potensial konflikt ýagdaýynda aňsatlyk bilen baglanyp biljek Malakksk aýlagynyň üstünden deňiz arkaly geçirmäge garaşlylygyny azaltmak üçin, Hytaý energiýa geçirmegiň gury ýer ýollaryny giňeltmäge aýratyn üns berýär.

Şunuň bilen baglylykda Hytaý Türkmenistan tebigy gaz almagyny köpeltmäge aýratyn üns berýär. Maglumatlara görä, bu merkezi aziýa ýurdy dünýäde tebigy gaz gorlary boýunça dördünji orunda durýar. 2016-njy ýylda Türkmenistan Hytaýa 30 milliard kub metr töweregi “mawy ýangyç” iberdi. “Türkmenistanyň syýasy sistemasynyň ýapyklygyny nazar alsaň, açyk elýeterlilikde has anyk maglumatlar ýok.)

BP kompaniýasynyň 2017-nji ýylyň iýunynda çap eden “Dünýä energerikasyna statistiki synynda” aýdylmagyna görä, Hytaý 2016-njy ýylda gaz geçiriji turabalar arkaly 38 milliard kub metre golaý tebigy gaz we ýene 34,3 milliard kub metr suwaldylan gaz import etdi.

Gaz geçiriji turbalar arkaly import edilen gazyň 77 prosentine golýay Türkmenistanyň paýyna düşýär (ýangyç Merkezi Aziýa gaz geçirijisi arkaly, 3666 klometr uzaklykdaky Hytaýa iberildi).Eýran bilen Orsýete eksportyň kemelmeginiň fonunda Hytaý türkmen gazynyň ýeke-täk iri alyjysy we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoritar režiminiň möhüm girdeji çeşmesi boldy.

Hytaý türkmen gaz ýataklarynyň özleşdirilemgi üçin eýýäm milliardlarça dollar maýa ýatyrdy. Hytaýyö ösüş banky 2009-njy ýylda Türkmenistanda ilkibaşda “Galkynyş” (şeýle-de Günorta Ýolöten-Osman diýip hem bilinýär) gaz ýatagyny özleşdirmek üçin 3 milliard dollar möçberinde kars berdi, iki ýyldan soň bolsa Aşgabat 4,1 milliard dollar möçberinde goşmaça karz aldy.

Mundanam başga, Hytaýyň milli nebit korporasiýasynyň (CNPC) baştutanlygyndaky konsorsium 2009-njy ýylda “Galkynyş” gaz ýatagyndaky önümi bölüşmek (PSA) barada 10 milliard dollar möçberinde yalaşyk baglaşdy. Şol wagt CNPC-iň jübüsinde eýýäm birnäçe ýangyç ojagyny, şol sanda Samandepäni we Altyn asyry öz içine alýan “Bagtyýarlyk” nebit-gaz proýekti babatda hem şuňa meňzeş ylalaşyk bardy.

“Galynyş” ylalaşygy boýunça Türkmenistan Hytaýa 30 ýylyň dowamynda her ýyl 30 milliard kub metr gaz ibermäge borçlandy.

Emma Pekin we Aşgabat Hytaýa eksportyň möçberini 65 milliard kub metre çenli ýetirmegi niýet edinýär, 30 milliard kub metr “Galkynyşdan”, galan gaz bolsa “Bagtyýarlykdan” we beýleki ýataklardan iberilmeli.

Bu maksatlara ýetmegiň öňündäki baş päsgelçilik ýeterlik eksport kuwwatlyklarynyň bolmazlygy bolup durýar. Hytaýa bar bolan gaz geçirijiler ulgamy iş ýüzünde ahyrky mümkinçiligine çenli işelýär, ulgamy giňeltmek bolsa häzirlikçe togtadyldy.

Şu aralykda Türkmenistanyň ykdysadyýeti energeiýa serişdeleriniň bahalarynyň arzanlamagy netijesinde eksport gidejileriniň kesgin azalmagy sebäpli düýpli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Hytaýyň resmi wekilleri ýokarda agzalan Aşgabat gurultaýynda täze gaz geçirijileri gurluşygy meselesini öli nokatdan gozgap boljagyna umyt baglaýarlar.

Şeýle-de, hytaý emeldarlary bu gurultaýda, Ýewropa hem-de Ýewraziýa ýurtlaryna hytýa eksportyny giňeltmek maksady bilen, “Bir guşak, bir” ýol” inisiatiwasyny ilerletmek mümkiçiligini gözlärler.

HHR-nyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen söwdasy bir taraply ýoly ýatladýar: Hytaýa bu sebitden energiýa serişdeleri we çig mal akýar, yzyna bolsa gymmat bahaly önüm tasdan gelmeýär. Mysal üçin, Türkmenistan hytaý önümleriniň 815 million dollarlygyny import edýär, bu 2,3 trillion dollara ýetýän hytaý eksportynyň umumy möçberiniň bary-ýogy 0,035%-ni düzýär.

Hytaýyň maliýe kompaniýalarynyň Türkmenistanda demirýol ulgamlarynyň infrastrukturasyny giňeltmek bilen meşgullanýan hytaý kompaniýalaryna goldaw bermegine garaşylýar.Geçen ýyl Gazagystany, Türkmenistany we Eýrany birleşdirýän täze demir ýol açyldy: 2016-njy ýylyň fewralynda otly Hytaýyň Ýuwaş okeanyň kenaryndaky Çžeszýan welaýatyndan Tährana çenli ilkinji 14 günlük reýsini amala aşyrdy.

Mundanam başga, Hytaý demirýol korporasiýasy (CRC) 3200-kilometrlik ýokary tizlikli “Ýüpek ýoly” demir ýoluny gurmagy teklip etdi, ol Hytýayň günbatar şäheri Urumçyny Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Türkmenistan we Eýran bilen baglanyşdyrmaly.

Şeýle-de, 2 milliard dollar durýan 635 kilometrlik Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan (TOT) demir ýolunyň gurluşygy tamamlanandan soň, Hytaýyň edýän eksport harytlarynyň möçberiniň has ulalmagyna garaşylýar. Türkmenistan bu demir ýoluň özüne degişli böleginiň gurluşygyny 2016-njy ýylyň noýabrynda tamamlady.

Ýene degişli makalalar

Hytaý önüm öndürijileriniň sergisi tamamlandy
“Yug-Neftegaz Private Limited” OGT-2023 halkara maslahatynyň kümüş hyzmatdaşy boldy
Türkmenistanyň we Gazagystanyň üstaşyr geçiren nebitiniň paýy 842,9 müň tonna ýetdi
“Fortune” ilkinji gezek Ýewropa kompaniýalarynyň sanawyny düzdi
Russiýa 24-nji Fewralda Başlan Söweşden Bäri Fosil Ýangyçdan 63 Milliard Ýewro Girdeji Gazandy
Türkmenistan Günorta gaz geçelgesi boýunça gepleşiklere gatnaşar