Hytaý Türkiýäniň Sebitleýin we Halkara Arenada Güýçli Pozisiýa Eýelemegini Goldaýar

Hytaý Türkiýäniň Sebitleýin we Halkara Arenada Güýçli Pozisiýa Eýelemegini Goldaýar

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň syýasy býurosynyň agzasy, Halkara gatnaşyklar boýunça merkezi toparyň Direktory we Daşary işler ministri Wan In Türkiýäniň sebitleýin we halkara arenada güýçli pozisiýa eýelemegini goldaýandyklaryny beýan etdi.

“Global Taýmsyň” mälim etmegine görä düýn Türkiýä guran saparynda Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşan Wang In, Hytaýyň türk hökümeti bilen özara srtategik ynamy we utgaşyklygy ösdürmek üçin işleşmek isleýändigini aýtdy.

Wang In Fidan bilen duşuşygynda; “Hytaý Türkiýäniň sebitleýin we halkara arenada güýçli pozisiýa eýelemegini goldaýar hem-de Türkiýäniň içeri işlerine haýsydyr bir daşarky güýjüň goşulyşmagyna garşy durýar” diýdi.

Türk hökümetiniň çakylygyna laýyklykda Türkiýä sapara gelen Wang İn, ösýän bazar ykdysadyýetleriniň we ösüp barýan beýik halklaryn wekilleri hökmünde iki ýurduň giň bilelikdäki bähbitleri hem-de uly hyzmatdaşlyk potensialyna eýedigini mälim etdi.

Wang İn, Hytaý bilen Türkiýäniň energetika, bilim we medeniýet uğurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge dowam etmelidigini nygtap; “Hytaý Türkiýeden import edýän ýokary hili önümleriň mukdaryny artdyrmaga, iki ýurduň arsyndaky söwda gatnaşygynda milli pul birlikleriniň ulanylmagyny goldamaga we Türkiýe işlemek hem-de maýa goýmak isleýän Hytaý firmalaryny höweslendirmek isleýär” diýdi.

Ýene degişli makalalar

“Wembley”-de garaşylmadyk ýeňliş
Wanganyň 2025-nji ýyl boýunça çaklamasy belli edildi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
15-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Hytaý Ukrainanyň Territorial Bitewiligini Ykrar Edýär
Ýewropa Bileleşigi Hytaýa Russiýa bilen bagly çagyryş berdi