Hytaý Halk Respublikasy has uzakdaky kosmosy özleşdirmek maksady bilen täze missiýalary amala aşyrmakçy. Bu barada Hytaýyň milli kosmos dolandyryş gullugynyň (CNSA) başlygynyň orunbasary Býan Çžigan metbugat üçin maslahatda mälim etdi.
Hususan-da, 2025-nji ýylda Pekin asteroidleri öwrenmek üçin “Týanwen-2” missiýasyny, 2030-njy ýylda Marsdan nusgalary ýygnamak we Ýere getirmek üçin “Týanwen-3” we Ýupiter ulgamyny öwrenmek üçin “Týanwen-4” missiýasyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär.
Býan Çžigan bu missiýalaryň ýurduň hökümeti tarapyndan tassyklanan planetalaryň barlaglary boýunça taslama girýändigini aýtdy. “Týaanwen-1”-iň ilkinji missiýasy eýýäm 2021-nji ýylda doly üstünlik gazandy.
Hünärmen, HHR-iň planetalaryň barlagy boýunça geljekki wezipeleriniň, esasan, Gün ulgamynyň gelip çykyşyny we ewolýusiýasyny, kiçi asman jisimleriniň we Gün işjeňliginiň Ýere ýetirýän täsirini öwrenmek we Ýerden daşardaky ýaşaýyş hakynda subutnamalaryny gözlemek ýaly esasy ylmy maksatlara gönükdiriljekdigini aýtdy.
Mundan başga-da, “Chang’e-7” zondy Aýyň günorta polýusynda barlag işlerini amala aşyrar, “Chang’e-8” bolsa, Aý gorlaryny ulanmak boýunça tehnologik synaglary geçirer.
Býan Çžigan Hytaýyň Halkara Aý barlaglary stansiýasyny gurmak üçin halkara hyzmatdaşlary bilen bilelikde işleşjekdigini hem-de Aý barlaglary boýunça ylmy we tehnologiki üstünlikleri paýlaşmakçydygyny aýtdy. Şeýle hem häzirki meýilnamalara agyr ýük göteriji raketalar hem-de gaýtadan ulanylýan kosmos ulag ulgamlaryny işläp düzmek girýär.