Çarşenbe güni Hytaýyň merkezi teleýaýlymy (CCTV) Hytaýyň "Týansin-1" synag hemrasyny Ýer togalagynyň töweregindäki älem giňişligine üstünlikli çykarandygyny habar berdi diýip, interfax.ru ýazýar.
Hemra ýerli wagt bilen sagat 10:08-de (7:08 aşg) Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşen Gansu welaýatyndaky Szýusýuan kosmodromyndan goýberildi.Dürli synaglarda, şol sanda, älem gurşawyna gözegçilik etmekde ulanyljak "Týansin-1" hemrasyny "Kuaýçjou-1A" raketasy bellenen orbita çykardy.
Dört basgançakly "Kuaýçjou-1A" raketa göteriji Hytaýyň Aerokosmiki ylmy-tehniki korporasiýasyndan (CASIC) bölünip aýrylan kärhana bolan ExPace kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlandy.Raketa Ýer togalagyna golaý älem giňişligine 400 kg-a çenli agramdaky peýdaly dürli ýükleri çykarmaga ukyplydyr.
Bu şeýle seriýaly raketalaryň 15-nji goýberilişidir.