Hytaý Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ulag geçelgesine goşulmaga çagyrylýar

Hytaý Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ulag geçelgesine goşulmaga çagyrylýar

Özbegistan Hytaýy Merkezi Aziýany Türkiýe bilen birleşdirýän ulag geçelgesine goşulyşmaga çagyrýar.

Bu geçen hepde Pekinde Özbekdemirýollary paýdarlar geňeşiniň başlygy Zufar Narzullaýew bilen Hytaý döwlet demirýollarynyň başlygy Go Szuhuýeniň arasynda geçirilen duşuşykda aýdyldy diýlip, nCa tarapyndan habar berildi. Şeýle hem bu geçelgäniň geçirijilik ukybyny bilelikde ýokarlandyrmak teklip edilýär.

Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ulag geçelgesi arkaly Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda halkara multimodal ulag geçelgesini döretmek boýunça degişli Teswirnama 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Daşkende gol çekildi.

Bu resminama Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryndan Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna ýük daşamagy guramagy göz öňünde tutýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-özbek serhetlerini kesgitlemek boýunça gepleşikler geçirildi
Daşkentde bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisi geçirildi
Özbegistanda bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisi geçirildi
Beýik döwlet bizi saýasyna aldy. Gazagystandan pena alyp bilmedik garagalpaklar ABŞ bardylar
Günbatar Merkezi Aziýadan gelýän zähmet migrantlarynyň mümkinçiliklerini seresaplylyk bilen giňeldýär. Mundan näme netije çykar?
Özbek parlament saýlawlaryna 146 türkmen dalaşgäri gatnaşýar. Türkmenistanlylar goňşy ýurduň saýlaw kampaniýasyna syn edýärler