2026-njy ýylda Hytaý Aýa raketa uçurmagy maksat edinýär. Enjam Long March 5 atly agyr ýük daşaýjy tehnologiýasyna esaslanar. Bu barada SpaceNews salgylanyp, ferra.ru habar berýär.
Bu model ilkinji gezek Aýa uçmak üçin Long March 9 agyr ýük daşaýjynyň ýerini çalyşmak üçin gurlar.Sebäbi Long March 9-yň Aýa islenilýän wagtda ýetip bilmejekdigi aýdylýar.
Long March 5 kerosin we suwuk kislorod bilen işleýän YF-100K hereketlendirijisi bilen üpjün ediler.Raketada kosmosa 27 tonnalyk zerur bolan ýüki daşap bolar.Onuň uzynlygy 90 metr bolar. Ýeri gelende bellesek, Hytaý öz kosmonawtlaryny 2030-njy ýyla çenli Aýa ibermegi meýilleşdirýär.