Hytaý 2021-nji ýylda ýurtdaky önümçilik zawodlarynda dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky zawodlara garanyňda has köp robot tehnologiýasyny ornaşdyrdy we önümçiligi awtomatlaşdyrmak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirdi.
“Wall Street Journal” jurnalynyň Halkara Robotika federasiýasynyň (IFR) maglumatlaryna salgylanyp beren habaryna görä, 2021-nji ýylda senagat robotlarynyň Hytaýa iberilmegi 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 45% ýokarlanyp, olaryň sany 243 müňden geçdi.
Hytaý geçen ýyl dünýade öndürilen agyr senagat robot enjamlarynyň ýarysyna golaýyny import edip, robot öndürijileri üçin möhüm bazara öwrüldi. Şeýle hem, Halkara Robotika federasiýasynyň maglumatlary Hytaýyň öz zawodlarynda Amerika we Ýewropa yklymlaryndaky zawodlardan iki esse köp täze robot tehnologiýasyny ornaşdyrandygyny görkezýär.
Habarda bellenilşi ýaly, önümçiligiň awtomatlaşdyrylmagy Hytaýyň zawodlaryna gymmatly önümçilige has köp üns bermekleri we robotlary has netijeli ulanmaklary üçin mümkinçilik döreder.
Deslapky maglumatlar Hytaýyň elektronika öndürijileriniň robot tehnologiýalaryny gurnamak boýunça işleriniň 2021-nji ýylda 30% ýokarlandygyny mälim etdi. Robotika ulgamyna esasy maýa goýujy pudaklaryň hataryna awtoulag, plastmassa, rezin, metal we maşyngurluşyk pudaklary girýär.