Hytaýyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik Welili Çžan Szýun Mýanmadaky harby agdarlyşykdan soň haýsydyr bir operasiýanyň haosa sebäp boljakdygyny we dartgynlygyň hasam agyrlaşjakdygyny beýan edip, çykgynsyzlygyň çözülmeginde sebitleýin guramalaryň has işjeň pozisiýa eýelemegini teklip etdi.
BMG-niň Howpsyzlyk geňeşi maý aýyndaky döwürleýin ýolbaşçylygyny kabul edip alan Hytaýyň Hemişelik wekili Çžan Szýun geçiren metbugat ýygnagynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça soraglara jogap berdi.
Hytaýyň Mýanmada içerki urşuň turup turmajakdygy hakynda garaýyşlaryny beýan eden Szýun, Mýanmada köp sanly etniki halklaryň ýaşaýandygyny, haýsydyr bir ýalňyş operasiýanyň haosa sebäp boljakdygyny we dartgynlygyň hasam agyrlaşjkadygyny duýdurdy.
Hytaýyň çykgynsyzlygyň çözülmegi üçin diplomatik tagallalary goldaýandygyny beýan eden Szýun; “Sebitde ýerleşýän ýurtlar, sebitleýin guramalar meseleleriň çözülmeginde has güýçli pozisiýa eýelemeli, sebäpli şertlere has gowy düşünýärler” diýdi.