Hytaý Halk Respublikasy 3,7 milliard amerikan dollary möçberinde Merkezi Aziýa ýurtlaryna kömek eder. Bu barada HHR-iň Başlygy Si Szinpin şu gün Sian şäherinde geçirilen birinji Merkezi Aziýa — Hytaý sammitinde aýtdy diýip, Ria Nowosti habar berýär.
— Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ösüşine kömek etmek üçin, 26 milliard ýuan (3,7 milliard dollar) möçberinde maliýe kömegini we muzdsuz goldawy berer — diýip, HHR-iň Sinhua habarlar agentligi Si Szinpiniň sözlerine salgylanyp habar berýär.
Hytaý Lideri şeýle hem Merkezi Aziýada iş alyp barýan hytaý kompaniýalaryny sebitde has köp iş orunlaryny döretmäge höweslendirjekdigi barada aýtdy.
Belläp geçsek, birinji Merkezi Aziýa — Hytaý sammiti Hytaýyň Sian şäherinde Si Szinpiniň ýolbaşçylygynda geçirildi. Oňa hormatly myhmanlar — Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň döwlet Baştutanlary gatnaşdylar.