Hytaý Marsa dikuçar ýollamakçy

Hytaý Marsa dikuçar ýollamakçy

Hytaý Mars planetasynyň topragynyň nusgalaryny Ýere getirmek boýunça işe dikuçary çekip biler. Şeýle maksatnama barada Ylymlar we çuň älem barada halkara maslahatynyň barşynda habar berildi diýip, SpaceNews neşirine salgylanyp, Lenta.ru habar berdi.

Ýagny Týanwen-3 tutumynyň çäklerinde Long March 5 kysymly iki sany raketa uçurylar, olar Marsa 2030-njy ýylda iki sany kosmos enjamyny ugradar. Tutumyň maksady Zemine Marsyň topragynyň 500 gramyny getirmekdir.

Gonuş ulgamy hökmünde ýöreýän robot ýa-da dikuçar ulanylar, Hytaýyň Ylymlar akademiýasy şeýle dikuçaryň nusgasy bilen 2021-nji ýylda tanyşdyrypdy.

Ýene degişli makalalar

Kosmos internetini ýola goýar
Ilkinji gezek uçurdy
Hytaý "Yaogan-33" atly uzakdan duýgur emeli hemrasyny kosmosa iberdi
Täjirçilik maksatly 9 emeli hemrasyny uçurdy
Adamly kosmos bekediniň ilkinji bölegini uçurydy
Hytaý raketasynyň galyndylary Hindi ummanyna gaçdy