Hytaý kosmonawtlary uçuryldy

/* custom css */ .td_uid_19_60cb3b81037cc_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60cb3b81037cc_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Hytaýyň üç kosmonawty gurluşygy dowam edýän kosmos stansiýasyna uçuryldy.

Bu missiýa ýurduň iň uzak möhletli kosmos programmasy bolar. “Long March” atly göteriji raketa Gobi çölündäki kosmodromdan şowly ýagdaýda uçuryldy. Ýeriň orbitasyndaky bekedi gurmak üçin dört gezek adamly uçuşy amala aşyrmaly bolar.

Bu şolaryň ilkinjisi boldy.Saýlanyp alnan Ne Haýşen, Lýu Bomin we Tang Hongbo dagy üç aýlap kosmos bekediniň esasy modulynda bolup, oňa birikdiriljek goşmaça modullar üçin taýýarlyk görerler. “Tiangong” atly kosmos bekediň gurluşygy tamamlananda esasy moduldan, iki laboratoriýadan we bir kosmos teleskopyndan ybarat bolar.

Häzirki wagtda Ýeriň orbitasynda bir sany adamly beket Halkara kosmos stansiýasy bar.Bu bekediň ulanyş möhleti uzadylmadyk ýagdaýynda 2024-nji ýylda tamamlanýar.

Ýene degişli makalalar

Kosmos internetini ýola goýar
Hytaý raketasynyň galyndylary Hindi ummanyna gaçdy
Täjirçilik maksatly 9 emeli hemrasyny uçurdy
Adamly kosmos bekediniň ilkinji bölegini uçurydy
Ýeri asteroidden halas edýän taslama
Hytaý uzakdan duýgur emeli hemralary uçurdy