Hytaý kompaniýasy Türkmenistanda alty gaz ýatagynda ýerüsti desgalaryny gurar

Hytaý kompaniýasy Türkmenistanda alty gaz ýatagynda ýerüsti desgalaryny gurar

CNPC korporasiýasynyň bir bölegi bolan China Petroleum Engineering Construction hytaý kompaniýasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägiň günbatar bölegindäki alty gaz ýatagynda ýerüsti desgalary taslamak we gurmak boýunça bäsleşikde ýeňiji boldy diýip, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň toplumynyň saýtynda habar berilýär. Muny ORIENT ýetirýär.

Taslamanyň çäginde Gadyn, Demirgazyk Gadyn, Iljik, Gündogar Iljik, Kiştuwan we Günbatar Kiştuwan ýataklaryny ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär. Ýataklarda 22 guýy, 4 gaz ýygnaýjy stansiýa, turbageçirijiler, inžener-tehniki üpjünçilik, şol sanda elektrik üpjünçiligi we suw üpjünçiligi ulgamlary, şeýle-de beýleki önümçilik infrastruktura desgalary gurlar.

Täze ýataklaryň umumy taslama kuwwaty ýylda 1,8 mlrd kub metr gaza barabar bolar.Häzirki wagtda China Petroleum Engineering Construction “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägiň gündogarynda ýerleşýän Günbatar Joramergen, Gökmiýar we Daşrabat ýataklarynda ýerüsti desgalaryny gurýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda täze gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça taslama başlandy
Hytaý kompaniýasy türkmen gaz ýataklarynda ýerüsti desgalary gurýar
Türkmenistanda 7 etrap ýatyryldy
TÜRKMENISTAN SYÝAHATÇYLYK MERkezi
Sarymeýdan obasyny agyz suwy we güzeran kynçylygy heläk edýär
'Edilmedik' hyzmatlar üçin tölegleri tabşyrmak gezegi Lebaba ýetdi