Hytaý kompaniýasy türkmen gaz ýataklarynda ýerüsti desgalary gurýar

Hytaý kompaniýasy türkmen gaz ýataklarynda ýerüsti desgalary gurýar

Hytaýyň “China Petroleum Engineering Construction” kompaniýasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägiň günbatar bölegindäki gaz ýataklarynyň ýerüsti desgalarynyň taslamasyny işläp düzmek we gurmak boýunça bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Bu barada Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň resmi saýtynda duşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taslamanyň çäklerinde ýataklaryň altysy Gadyn, Demirgazyk Gadyn, Iljik, Gündogar Iljik, Kiştuwan we Günbatar Kiştuwan ýataklary ulanmaga beriler.

Hususan-da, guýularyň 22-sini, gaz toplaýjy beketleriň 4-sini, turbageçirijileri, inžener-tehniki üpjünçilik ulgamyny, şol sanda elektrik üpjünçilik we suw üpjünçilik ulgamlaryny, önümçilik düzüminiň beýleki desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Olaryň umumy taslama kuwwaty ýylda 1 milliard 800 million kub metr gaz çykarmaga mümkinçilik berer.

“China Petroleum Engineering Construction” kompaniýasy Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň (CNPC) golçur kompaniýasy bolup, häzirki wagtda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägiň gündogar böleginde ýerleşýän Günbatar Joramergen, Gökmiýar we Daşrabat ýataklarynda ýerüsti desgalaryň gurluşygyny amala aşyrýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda täze gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça taslama başlandy
Hytaý kompaniýasy Türkmenistanda alty gaz ýatagynda ýerüsti desgalaryny gurar
Türkmenistanda 7 etrap ýatyryldy
TÜRKMENISTAN SYÝAHATÇYLYK MERkezi
Sarymeýdan obasyny agyz suwy we güzeran kynçylygy heläk edýär
'Edilmedik' hyzmatlar üçin tölegleri tabşyrmak gezegi Lebaba ýetdi