Hytaý Iki Emel Hemra Uçurdy

Hytaý Iki Emel Hemra Uçurdy

“Sinhua” habarlar gullugynyň mälim etmegine görä iki sany “BEiDou-3” hemrasy Long Març-3B göteriji raketasy bilen Syçuan welaýatyndaky Şiçang emeli hemra merkezinden uçuryldy.

“DeiDou” torunyň 59-njy we 60-njy bölekleri bolup durýan hemralar 553-nji üstünlikli göteriş işi boldy.

Hytaýyň hökümeti harby pudakda ABŞ-nyň global ýerleşdiriş ulgamy “GPS-“ bolan garaşlylygy azaltmak üçin “BDS” ulgamyny kämilleşdirýär.

“BeiDou” emeli hemra tory üçin ilkinji hemra 2000-nji ýylda uçuryldy. Dört hemradan ybarat bolan “BDS-1” torundan soň 26 hemradan ybarat “BDS-2”, 40 tonnalyk “BDS-3” torlary bilen ulgam kämilleşdirilýär.

“BDS-4” atlandyrylýan döwrebap emeli hemra torunyň bolsa 2035-nji ýyla çenli ulgama birikdirilmegi meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäheri döwrebap tehnologiýalaryň şäheri
Hytaý "Yaogan-33" atly uzakdan duýgur emeli hemrasyny kosmosa iberdi
Hytaý kosmos bekedine kosmonawtlaryň üçünji toparyny iberdi
Dünýäniň iň uzyn aýna köprüsi açyldy
Kosmos bekediniň gurluşygy dowam edýär
Dünýäniň iň uly tohum ammary