Hytaý: Günbatar demokratiýasy ähli uruşlaryň sebäbidir

Hytaý: Günbatar demokratiýasy ähli uruşlaryň sebäbidir

Hytaýyň prezidenti Günbatar syýasatyny tankytlap, häzirki wagtda uruşlaryň, bulam-bujarlygyň we adam betbagtçylygynyň sebäbi Günbatar demokratiýasy bolýandygyny aýtdy.

“Asia One” habarlar web sahypasynyň habaryna görä, Hytaýyň prezidenti Si Szinpin Hytaýyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşygynda Günbataryň demokratiýany wagyz etmeginiň bütin dünýäde adamlaryň awara bolmaklaryna sebäp bolandygyny aýtdy.

Si Szinpin käbir günbatar ýurtlarynyň adam hukuklary meselelerinden hyýanatçylykly peýdalanyp, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulmak üçin "Günbatar demokratiýasynyň we adam hukuklarynyň düşünjesini we ulgamyny zor bilen öňe sürýändigini" sözüniň üstüne goşdy.

Hytaýyň prezidenti şeýle-de Günbatarlylar "Syýasy polýarlaşmalary bilen baýlar bilen garyplaryň arasyndaky boşlugy we etniki çaknyşyklary giňeltdiler" -diýdi.

Si Szinpin, şeýle hem hytaý işgärlerini "BMG-nyň adam hukuklaryna işjeň gatnaşmaga" we Hytaýyň şeýle köptaraplaýyn adam hukuklary guramalaryna täsirini artdyrmaga çagyrdy.

Hytaýyň prezidenti "Hytaýyň standartlaryna laýyk gelsek, problema bolmaz we Günbatar standartlaryna seretmek ýa-da olaryň bize nähili baha berýändigi barada alada etmek möhüm däldir " diýdi

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Putin Hytaýa sapar gurar
Putin Hytaýa döwlet sapary bilen barar
Türkmen wekiliýeti Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň "Geljege köpri --- 2024" forumyna gatnaşýar
Aşgabatda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly forum geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Si Szinpiniň maşgalasy Türkmenistana sapar bilen çagyryldy