Hytaýyň daşary ýurtlardan satyn alýan tebigy gazynyň möçberi iýulda 14,12 milliard kub metre ýetdi we bu aý üçin taryhy iň pes derejäni täzeledi diýip, Interfaks HHR-niň gümrükhanasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.
Ýagny geçen ýylyň iýul aýyndaky bilen deňeşdirilende, görkeziji 23 göterim artdy we 2021-nji ýylyň iýuldaky rekord derejesinden 11,4 göterim ýokarlandy.
Bilermenler ýagdaýy pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeleriň kem-kemden ýatyrylmagy we ykdysadyýetiň dikelmegi bilen baglaýarlar. Iýulda Hytaý suwuklandyrylan gazyň 6,2 million tonna golaýyny satyn aldy, bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 30 göterim artykdyr.
Hytaýa turbageçiriji arkaly tebigy gaz, esasan, Russiýadan, Gazagystandan, Türkmenistandan we Mýanmadan eltilýar.