Hytaý emeli adada iň iri howa menzili gurmakçy

Hytaý emeli adada iň iri howa menzili gurmakçy

Hytaý dünýäde emeli adadaky iň uly howa menzilini gurar. Taslamanyň bahasy 4,3 mlrd dollar diýip, South China Morning Post gazetine salgylanýan Belta.by portaly ýazýar.

Menzil demirgazyk-gündogardaky Dalýan şäherinde gurlar, ol köp adamly port şäher bolmak bilen, Ýaponiýa we Koreýa Respublikasy bilen berk ykdysady gatnaşyklara eýedir.

Täze halkara howa menzili 20 inedördül kilometrde ýerleşer, ol ilkibada ýylda 43 million ýolagça, soňlugy bilen 80 milliona çenli adama hyzmat eder.

Ölçegi babatda ol Gonkongyň halkara howa menzilinden (12,48 in.km) we Ýaponiýadaky Kansaý halkara howa menzilinden (10,5 in. km) hem uly bolar. Bu ady tutulan howa derwezeleri-de emeli adalarda ýerleşýär.

Täze howa menzilinde dört uçuş-gonuş zolagy hem-de meýdany 900 inedördül metr bolan terminal gurlar. Taslamany 2035-nji ýylda tamamlamagy meýilleşdirýärler.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dört dalaşgär gatnaşar
Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
Şazada Uilýam Patyşa Karl III borçlarynyň bir bölegini alar
Günorta Koreýada bazardaky ýangynda 227 dükan ýandy
Berliniň üstünde asman jisimi partlady
Lukaşenko Geely milli awtoulaglaryna uzyn nobatyň dörändigini habar berdi