Hytaý häkimiýetleriniň elektroulaglaryň önümçiligini höweslendirmek baradaky maksatnamalary HHR-i elektrikli awtoulag öndürmekde we satmakda dünýä liderleriniň birine öwürdi. Bu barada maliýe maglumatlaryny berýän “Bloomberg” agentligi habar berdi.
Agentligiň maglumatlaryna görä, Hytaý 2022-nji ýylda şeýle ulaglaryň (gibrid hereketlendirijili ulaglary goşmak bilen) 5,67 millionyny satdy, bu bolsa, dünýädäki mukdaryň ýarysyndan gowragydyr. “Bloomberg NEF” gözleg kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, bu görkeziji şu ýyl öndürilmegine garaşylýan 14,1 million elektroulagyň, takmynan, 60%-ine ýetip biler.
“Bloomberg” Hytaý hökümetiniň geçirýän çäreleriniň arasynda elektroulaglaryň alyjylaryna we öndürijilerine berilýän ýeňillikleri, şeýle hem degişli infrastrukturanyň barha güýjeýän ösüşi barada durup geçýär. Eýýäm ýurtda dünýä boýunça iň köp zarýad beriş nokatlarynyň ulgamy ornaşdyrylyp, 2022-nji ýylda olaryň sany 649 müňe çenli artdy, bu bolsa dünýäde gurlan zarýad beriş nokatlarynyň 70%-den gowragyny düzýär.
Iň iri elektroulag öndürijiler Hytaý bazarynda barha köpelýär. Geçen ýyl “Tesla” bu bazarda paýyny gazanmaga synanyşandan soň, “Audi” we BMW ýaly beýleki daşary ýurt öndürijileri hem şoňa meňzeş tagallalary etdiler. Şol bir wagtyň özünde ýerli öndürijiler diňe bir Hytaý bazaryndaky ornuny saklamak bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlardaky işleňligini artdyrmaga tagalla edýärler.