Hytaý alymlary Ewerestiň gerşinde dünýäde iň beýik meteostansiýany gurnadylar. Ol 8800 metr belentlikde ýerleşýär. Ondan öňki iň beýik meteorologiýa stansiýasy 2019-njy ýylda amerikan-britan ekspedisiýasy tarapyndan Ewerestiň günorta eňňidinde, 8430 metr belentlikde gurnalypdy.
13 adamdan ybarat ylmy ekspedisiýa Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Tibet daglygynyň barlaglary instituty tarapyndan guraldy.Stansiýanyň ähli enjamlarynyň agramy 50 kg töweregi bolup, ýokary çykarmak üçin onuň esasy bölekleri söküldi.
Hytaý alymlarynyň bu taslamasy Ewerestiň depesinde onlarça şunuň ýaly stansiýalary ýaýbaňlandyrmagy göz öňünde tutýar. Üstümizdäki ýylda olaryň eýýäm dördüsi: 5200, 7028, 7790 we 8300 metr belentliklerde gurnaldy.Geçen ýyl bolsa üç sanysy: 5400, 5800 we 6500 metr belentliklerde gurnalypdy.
Hytaýly barlag geçirijileriň pikirine görä, Ewerest ählumumy maýylganlygyň täsirini başdan geçirýär. Sekiz sany täze stansiýa şemalyň tizligi, onuň öwüsýän ugurlary, howanyň çyglylygy baradaky maglumatlary ýygnar. Mundan hem başga, alymlar olar arkaly ýokary belentliklerde buzluklaryň ereýşi hakynda has köp maglumatlary alarlar.