“Sout Çaýna Morning Post” gazetiniň habar bermegine görä ÝB-niň metbugat sekretarlaryndan Nabila MAssrali beren beýannamasynda, Hytaý tarapyndan Borrelliň saparynyň “10-njy iýulda guralmagynyň mümkin däldigi we başga alternatiwleriň gözlenmelidigi” hakynda maglumat berilendigini aýtdy.
ÝB-niň Pekindäki İlçisi Ýorge Toledo 2-nji iýulda beren beýannamasynda Borrelliň 10-njy iýulda Pekine sapar etjekdigini aýdypdy.
Toledo, Borrelliň Hytaýyň Daşary işler ministri Gang we beýleki ýokary derejeli wekiller bilen Russiýa-Ukraina söweşi, adam hukuklary we söwda ýaly dürli ugurlarda pikir alyşjakdygyny beýan edipdi.
ÝB-niň Ýokary derejeli wekili Borrell 13-15-nji apreliň aralygndaky Hytaý saparyny koronawirusa ýolugandygy üçin yza süýşüripdi.