Hytaý Aýda bina gurmak üçin 3D-çap tehnologiýasyny synag etmekçi

Hytaý Aýda bina gurmak üçin 3D-çap tehnologiýasyny synag etmekçi

Hytaý Aýda bina gurmak üçin 3D-çap tehnologiýasyny synag etmegi meýilleşdirýär diýip, China Daily neşirine salgylanýan 24KZ habar berýär.

Bu ugurdaky barlaglar üçin Pekin 2028-nji ýylda Çane-8 aýgezerini äleme uçurmakçy. Onuň bilen Aýyň topragyny binanyň gurluşygynda peýdalanmak üçin robot-ussa uçurylar.

HHR-iň Milli kosmos edarasynyň habaryna görä, bu tehnologiýanyň birnäçe artykmaçlyklary bar. Birinjiden, 3D-çap ýerli çig maly ulanmak bilen, gurluşygyň bahasyny we Ýerden äkitmeli zerur serişdeleri kemeltmäge mümkinçilik berer. Ikinjiden, tehnologiýa robotlaşdyrylyp, ol kosmonawtlar üçin howpsuz bolar. Pekin Aý bazasyny öňdäki 5 ýylyň dowamynda gurmaga başlamakçy diýlip, habarda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Botswananyň täze saýlanan Prezidenti kasam kabul etdi
Türkiýede ýol-ulag hadysasynda10 adam pida boldy, 60 adam şikes aldy
Tesla zawodynda robot adama hüjüm etdi
Türkmenistanyň wekiliýeti 5-nji Bütindünýä Metbugat sammitine gatnaşýar
Türkmen wekiliýeti 5-nji Bütindünýä Metbugat sammitine gatnaşýar
Saglygy berkitmek üçin elýeterli miwe salgy berildi