Hytaý Aýda baýdagyny dikdi

Hytaý Aýda baýdagyny dikdi

Hytaý Chang’e 5 missiýasynyň çäginde Aýyň üstünde milli baýdagyny dikdi. Degişli surat CGTN teleýaýlymy tarapyndan görkezildi. Bu barada lenta.ru habar berýär.

Baýdak sütüni aýratyn materialdan taýýarlanylyp, bary-ýogy 12 g agrama eýedir. Şeýlelikde, Hytaý Ýeriň tebigy hemrasynda baýdagyny diken üçünji ýurt boldy. Mundan ozal ABŞ bilen SSSR baýdak dikipdi.

3-nji dekabrda Chang’e 5 missiýasynyň uçuş enjamy Aýyň üstünden uçdy.Adam tarapyndan döredilen jisim Ýeriň tebigy hemrasyndan iň soňky gezek 44 ýyl mundan ozal çykdy (1976-njy ýylda Sowet Soýuzynyň “Luna-24” enjamy).

Chang’e 5 Aýa 1-nji dekabrda gondy.Ol Wençan kosmodromyndan Long March 5 agyr raketanyň kömegi bilen 24-nji noýabrda uçuryldy.Chang’e 5 missiýasynyň çäginde Aýyň üstüni burawlama işi geçirildi. Şeýlelik bilen, Aýyň görünýän tarapynyň demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşýän Rýumker depesinden iki kilogram töweregi alnan wulkan gelip çykyşly nusgalar dekabryň üçünji hepdesinde Ýere getirilmeli.

Ýene degişli makalalar

Kosmos internetini ýola goýar
Ilkinji gezek uçurdy
Hytaý "Yaogan-33" atly uzakdan duýgur emeli hemrasyny kosmosa iberdi
Täjirçilik maksatly 9 emeli hemrasyny uçurdy
Adamly kosmos bekediniň ilkinji bölegini uçurydy
Hytaý raketasynyň galyndylary Hindi ummanyna gaçdy
Hytaý kosmonawtlary uçuryldy