Hytaý Aý maksatnamasyna 50 ýurdy çekmegi meýilleşdirýär

Hytaý özüniň “International Lunar Research Station” (ILRS) Aý stansiýasynyň çägindäki hyzmatdaşlyga 50 ýurdy çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada “SpaceNews” web saýty habar berýär.

-Biz ähli ýurtlar, şol sanda, global Günorta, ösýän BRICS ýurtlary, şeýle hem günbatar ýurtlary bilen halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak isleýäris diýip, Hytaýyň Aý gözleg maksatnamasynyň baş konstruktory Wu Weýren, “China Global Television Network” (CGTN) teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, Hytaý häzirki wagtda 10-dan gowrak ýurt we 30 töweregi daşary ýurtlaryň ylmy-barlag instituty bilen ILRS bilen baglanyşykly şertnamalara gol çekdi. Biz 50 sany daşary ýurtlaryň barlag institutyny we 5 müň daşary ýurtly alymy halkara Aý ylmy-barlag stansiýamyzy bilelikde gurmaga çagyryp, bu ugurda 50 ýurt bilen işleşmek isleýäris diýip hünärmen belledi.

Ýene degişli makalalar

Marynyň häkimiýetleri ýagyşda ezilen çäreçileri bir sagatlap öýlerine goýbermediler
Türkmenistan Özbegistana iberilýän tebigy gazyň möçberlerini artdyrmaga taýýardyr, Belawiýa awiakompaniýasynyň ulgamynyň täzelenmegi Türkmenistanda petekleriň satylmagyna täsir etmez, Türkmenistan Hytaýda geçiriljek Ýüpek ýoly sergisiniň hormatly myhm
Köpetdag stadiony dünýäniň iň gowy 100 stadionynyň sanawyna girizildi
Arkadag şäheriniň stadionynda ilkinji duşuşyk geçiriler
Camp Nou-da abatlaýyş işlerine badalga berildi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HALKARA FUTBOL FEDERASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY