Hytaýyň Daşary işler ministri Wan I, Malaýziýa we Bruneý döwletleriniň Daşary işler ministrleri bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, AUKUS ylalaşygynyň üstünde durup geçdi.
Wan I, AUKUS ylalaşygynyň sebitde ýadro ýaraglanmany artdyryp biljekdigini belläp, onuň sebitdäki ýarag bäsdeşligine hem sebäp bolup biljekdigini habar berdi.
Hytaý, Günorta-gündogar Aziýa halklarynyn bileleşiginiň (ASEAN) we sebitdäki beýleki ýurtlaryň umumy tagallalary bilen sebitiň iň dinamiki we iň çalt ösýän bölegi ýagdaýyna öwrülendigine ünsleri çeken Wan I, ýadro ýaraglanmanyň we umumy ýarag bäsdeşliginiň sebitiň durnuklylygyna we asudalygyna zyýan ýetirjekdigini beýan etdi.
Mundan başgada Wan I, AUKUS-yň sebitde "Sowuk söweş" düşünjesiniň ýaňadandan janlanmagyna sebäp bolup biljekdigini belledi.
Sebitde Hytaýyň artan güýjüne garşy işe girişen Awstraliýa, ABŞ we Beýik Britaniýa 16-njy sentýabrda AUKUS atly täze bir howpsuzlyk ylalaşygyny baglaşypdylar. AUKUS ylalaşygyna laýyklykda Awstraliýanyň Adelaide şäherinde atom energiýasy bilen işlejek azyndan 8 sany suwasty gäminiň guruljakdygy aýan edildi.