Hytaýyň Halk azat ediş goşuny, ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçlerine degişli gönükdirilen raketa daşaýan USS Milius atly harby gämisiniň bikanun ýagdaýda Günorta Hytaý deňizindäki adalaryň biriniň golaýyndan geçendigini we Hytaýyň suw giňişligine girendigini beýan etdi.
Hytaýyň Günorta operatiw serkerdeliginden berilen beýanatda, harby gäminiň ýakyndan gözegçilik edilýändigi we oňa duýduryş berilendigi bellenip: "Hytaý Günorta Hytaý deňizindäki adalarda we onuň töweregindäki deňizde jedelleşiksiz häsýetde özbaşdaklyga eýedir" diýip habar berildi.
ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň 7-nji flotyndan berilen beýanatda bolsa, harby gäminiň sebitde adaty operasiýalar geçirendigi we ady agzalan sebitden çykyp Günorta Hytaý deňizindäki operasiýlaryny dowam etdirýändigi mälim edildi.
Hytaýyň goşuny 23-nji martda beren beýanatynda, USS Milius gämisiniň Günorta Hytaý deňizindäki Parasel adalarynyň töweregindäki suw giňişligine rugsatsyz ýagdaýda girendigini belläpdi, ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleri bolsa harby gäminiň adaty operasiýalar geçirýändigini öňe sürüpdi.