
Hytaý şu ýyl äleme 100 uçuş goýbermekçi hem-de orbita 300-den gowrak enjam çykarmakçy diýip, 24KZ ýazýar.
Şunlukda, HHR milli rekordyny täzelär. Geçen ýyl ýurt asmana şeýle uçuşlaryň 67-sini amala aşyryp, ABŞ-dan soň ikinji orny eýeledi.
Bu ýyl äleme uçuşlaryň köp bölegini Hytaýyň döwlet raketa-kosmos korporasiýasy amala aşyrar. Galyberse-de, ýurduň günortasyndaky Wençan şäherinde täze işewürlik kosmodromy gurulýar. Ol ýerden suwuk ýangyçda işleýän iki basgançakly täze Long March 12 raketasyny uçurmak meýilleşdirilýär.