Hytaý 2021-nji ýylda rekord möçberde 9,8 mln tonna bugdaý import etdi

Hytaý 2021-nji ýylda rekord möçberde 9,8 mln tonna bugdaý import etdi

Hytaý geçen ýyl daşary ýurtlardan rekord möçberde 9,8 mln tonna bugdaý satyn aldy. Bu, esasan, HHR-iň ilatynyň iýmit rasionyndaky üýtgeşmeler bilen baglanyşyklydyr diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

2021-nji ýylda Hytaýyň import bugdaýyny satyn almagy ýyllyk hasabynda 17% ýokarlandy.Bu, hususanam, mekgejöweniň içerki bahasynyň ýokary bolmagy we galla ekinleriniň hasyllylygynyň pes bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Çörek önümleri, unaş we börek üçin ulanylýan bugdaýyň sarp edilişiniň ýurduň raýatlarynyň maddy hal-ýagdaý derejesiniň ýokarlanýandygyny delillendirýändigi bellenilýär. Şeýle-de, bu däneli ekin öý haýwanlary üçin iýmit hökmünde hem ulanylýar.

Sitonia konsalting kompaniýasynyň resmi wekili Darin Fridrihs 2022-nji ýylda HHR-de bugdaý importynyň ýokarlanmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Hytaýlylar çöregi köp satyn alýarlar
“Türkologiýanyň atasy” atlandyrylýan meşhur dilçi alym Wasiliý Radlow
Umumy fortepiano kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy
Paýhaslar
BMG-NIŇ BOSGUNLAR BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ SEBIT WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
1995-nji ýyldan bäri 27 müňden gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi
BMG Türkmenistana bosgunlary kabul etmek boýunça ýardam edýär