HWF: Türkmenistanda durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin manadyň konwertasiýa mümkinçiliklerini ösdürmeli

HWF: Türkmenistanda durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin manadyň konwertasiýa mümkinçiliklerini ösdürmeli

5 12-nji noýabr aralygynda Halkara walýuta fondunyň missiýasy Aşgabada sapar etdi.Halkara maliýe bilermenler toparynyň ýolbaşçysy 14-nji noýabrda bu saparyň netijeleri boýunça beýanat ýaýratdy.Missiýa Türkmenistanda durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin ýurtda bäsdeşligi hem-de manadyň konwertasiýa mümkinçiliklerini ösdürmegi maslahat berýär.

Mundan ozal, 15-nji oktýabrda çap eden hasabatynda Halkara pul gaznasy öňümizdäki ýyl Türkmenistanda ykdysady ösüşiň 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende haýallajakdygyny çaklady.Halkara maliýe edarasynyň bilermenleri Türkmenistana edýän saparlarynda ýurtda ykdysady durnuklylygy gazanmak üçin walýuta edilýän gözegçiligiň gowşadylmagyny yzly-yzyna maslahat berip gelýär.

Türkmenistanda eýýäm iki ýyldan gowrak wagt bäri “gara bazarda” ýerli puluň hümmeti daşary ýurt walýutasyndan gowşak bolmagynda galýar.Türkmenistanyň Merkezi banky 1 dollaryň bahasyny 3.5 manatlygynda saklaýar, ýöne ýurtda hereket edýän walýutanyň “gara bazarynda” dollaryň alyş-çalyş nyrhy resmi kursdan 5-6 esse ýokarydyr. 15-nji noýabrda Azatlyk Radiosy Türkmenistanda walýutanyň gara bazarynyň saklanmagy bilen bagly soraglar bilen Beýik Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça lektory professor Luka Ançeskä ýüzlendi.

Eýsem, Türkmenistanda walýutanyň gara bazarynyň saklanyp galmagyna türkmen hökümetiniň ykdysady taýdan iş başarnyksyzlygy sebäp bolýarmy, ýa-da bu ýagdaýy üýtgetmek üçin olarda islegiň bolmazlygy sebäp bolýarmy? “Meniň pikirimçe, bu esasan olarda ýagdaýy üýtgetmäge bolan islegiň bolmazlygy bilen baglydyr.

Biz türkmen hökümeti, türkmen režimi rüstemdir, hökmürowandyr, bolup geçýän ähli zatlara gözegçilik edip bilýändir diýip pikir etsek-de, olar döwletiň gözegçiliginden daşary bolup geçýän käbir ykdysady işjeňlige ýol bermeli bolýarlar” diýip, Ançeski aýtdy. Ýöne şol bir wagtyň özünde, onuň sözlerine görä, ýurtdaky “gara bazar” aslynda häkimiýetlere ykdysady giňişlikde amal edilýän işleriň ählisine gönüden-göni gözegçilik etmäge mümkinçilik döredýär: “Bu daşardan seredilende gowşak gözegçilik ýaly bolup görünse-de, gara bazar olara (häkimiýetlere) bolup geçýän zatlara gönüden-göni gözegçilik etmäge mümkinçilik döredýär”, diýip ekspert aýtdy.

Ol walýutanyň gara bazaryny korrupsiýa bilen ilteşdirýär: “Walýutanyň gara bazary, belli bir derejede, türkmen syýasatyny we türkmen ykdysadyýetini kesgitlemäge dowam edýän korrupsiýa mantygynyň aýrylmaz bölegidir” diýip, ol belledi.Halkara pul gaznasynyň missiýasynyň soňky beýanatynda Türkmenistanda ykdysady durnuksyzlygy gazanmak üçin bäsdeşligi hem-de manadyň konwertasiýa mümkinçiliklerini ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Şeýle-de beýanatda bu ugurda giriziljek düzedişler durmuşa geçirilende makro-ykdysady durnuklylygy saklamak bilen bir hatarda gowşak gatlagy goramaga degişli çäreleriň göz öňünde tutulmalydygy bellenilýär.

Walýutanyň gara bazaryny saklap galýan Türkmenistanda daşary döwletlerden getirilýän harytlar yzygiderli gymmatlaýar.Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary 13-nji noýabrda ýurda daşary döwletlerden import edilýän harytlaryň, şol sanda iýmit önümleriniň hem-de käbir senagat önümleriniň ýene-de gymmatlandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde ekspert walýutanyň gara bazaryna edilýän gözegçilik bilen baglylykda goňşy Özbegistanda geçirilen özgertmelere salgylandy. “Biz Özbegistanyň mysalynda gördük, haçan-da hökümet gözegçiligi ýeňledende ykdysadyýet gowulaşdy, şol bir wagtyň özünde bu ykdysadyýeti açylmaga iterdi” diýip, ol Ançeski aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär.

Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz.Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Wengriýa türkmen gazynyň Ýewropa Bileleşigine iberilmegine gyzyklanma bildirýär. Bu mümkinmi?
Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi. Aşgabat bilen London birek-birege näme teklip edip bilerler?
Prezident Berdimuhamedowyň Türkiýä sapary başlandy
Hazarüsti taslamasynyň gün tertibine getirilmeginiň arasynda Berdimuhamedow Brýussele sapar eder
Wengriýa türkmen gazynyň Ýewropa Bileleşigine iberilmegine gyzyklanma bildirýär. Bu mümkinmi?
Arkadag şäheriniň wagyz işleriniň batlanmagy bilen, türkmen lideriniň şahsyýet kulty dabaralanýar