1-nji noýabrdan 8-nji noýabr aralygunda Halkara Walýuta fondunyň delegasiýasy Türkmenistanda sapar etdi.
Fond ýurduň hökümetine birnäçe rekomendasiýa bermek bilen nobatdaky saparynyň netijeleri barada press-reliz çap etdi.
Türkmenistanyň ykdysadyýeti nebitiň we tebigy gazyň bahalarynyň has pes bolmagy bilen bagly täze reallyklara uýgynlaşmagyny dowam etdirýär diýip, habarda bellenýär.
Şu ýylda görlen çärelere garamazdan, daşarky defisit (çykdajylaryň girdejilerden artyklygy) düýpli bolmagynda galýar.
Döwlet inwestisiýalarynyň kemeldilmegi we elektrik energiýasynyň, gazyň we suwuň ulnaylmagyna girizilen bahalara gaýtadan seredilmegi “makroykdysady düzedişlere” ýardam etdi. Başgaça aýdylanda, ýeňillikleriň ýatyrylmagy deňagramsyzlygy kemeltmäge kömek etdi.
HWF “döwlet maýa ýatyrymlaryna çykdajylary ýuwaş-ýuwaşdan emma düýpli kemeltmegi” maslahat berdi.
Şeýle-de Türkmenistanyň hökümetine “milli walýutany alyp-çalyşmak kursunyň derejesini düzeltmek we walýutany sazlaşdyrmak çärelerini gowşatmak” maslahat berildi.
Hususy pudagyň mundan buýana hem ösdürilmegi üçin reformalaryň çägindäki ilkinji nobatda ünsi adminstratiw proseduralarynyň we agyr düzgünleşdirmeleriň düýpli ýeňleşdirilmegine, reformalaryň çaltlandyrylmagyna we döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň hususylaşdyrylmagyna, fiziki kapitaldan öň adam kapitalynyň toplanmagyna gönükdirmeli.
Türkmenistana sermaýa çekmek üçin makroykdysady we maliýe maglumatlaryny has giňden ýaýratmaly we olaryň hilini ýoikarlandyrmaly. Bu maýadarlaryň ykdysady ýagdaýa has gowy düşünmegine we töwekgelliklere baha berip bilmegine kömek eder.
Ýatladýarys, HWF-nyň ekspertleri 2017-nji ýylda Türkmenistana eýýäm üçünji gezek sapar etdiler.
Fonduň hünärmenleri öňki saparlarynyň netijeleri boýunça eýýäm, ýurduň häkimiýetlerine “Döwlet inwestisiýalaryna” edilýän çykdajylary azaltmagy we walýuta operasiýalarynyň çäklendirilmegini ýatyrmagy maslahat beripdiler.
Netijede elektrik energiýasyndan, gazdan we suwdan mugt peýdalanmak ýatyryldy. Emma, walýuta operasiýalaryna girizilen çäklendirmeler gowşadylmakdan geçen, diňe güýçlendirilýär.