HWF türkmen ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň 2020-nji ýylda sähel haýallajakdygyny çaklaýar

HWF türkmen ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň 2020-nji ýylda sähel haýallajakdygyny çaklaýar

15-nji oktýabrda Halkara walýuta fondy 2019-njy ýyl üçin global ykdysady ösüş çaklamalary boýuça täze hasabatyny çap etdi.Hasabatda bu ýyl Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň depgininiň 6.3 %-e deň boljakdygy çak edilýär.

Halkara maliýe edarasy Türkmenistan üçin bu görkezijiniň üstümizdäki 2020-nji ýylda 6 %-e deň boljakdygyny çaklaýar.Walýuta fondunyň täze çap eden maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetinde inflýasiýanyň derejesiniň 13.4 % ýetjekdigi çak edilýär. Şol bir wagtyň özünde, 2020-nji ýylda ýurtda inflýasiýanyň derejesiniň 13 %-e deň bolmagyna garaşylýar.

Deňeşdirmek üçin aýdylsa, Halkara walýuta fondunyň ozalky hasabatlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 2011-nji ýylda 14.7 %-e deň boldy.Bu garaşsyz Türkmenistanyň soňky üç onýyllygynda Halkara walýuta fondy tarapyndan hasaba alnan iň ýokary ösüş depgini 2011-nji ýylda energiýa serişdeleriniň bütin dünýäde global gymmatlan wagtyna, bir barrel nebitiň bahasynyň 113 dollara ýeten wagtyna gabat gelipdi.

Häzirki wagtda bir barrel nebitiň dünýä bazarlaryndaky bahasy 50 dollardan sähel ýokarydyr.Bu baha 2016-njy ýylda 30 dollara çenli pese gaçypdy. 2011-nji ýyldan soň aradan geçen 8 ýylyň dowamynda Türkmenistanda jem içerki önümiň ösüş depgini, Halkara walýuta fondunyň maliýe hasabatlaryna görä, her ýyl pese gaçdy; meselem, 2014-nji ýylda 10.3 %-e deň bolan ykdysady ösüş depgini 2015-nji ýylda birden 6.5 göterime düşdi. 2015-nji ýylda Türkmenistanda manadyň hümmedi pese gaçdy, şol ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Türkmenistanyň Merkezi Banky ondan ozal 2.85 manat diýip kesgitlenen 1 dollaryň resmi bahasyny bir gijede 3.5 manada çykardy. Şondan bäri türkmen häkimiýetleri walýutanyň resmi alyş-çalyşyny ep-esli çäklendirdi.

Munuň yzýany ýurtda walýutanyň gara bazary döräp başlady.Häzirki wagtda ýurtda walýutanyň gara bazary hereket edýär, onda walýutanyň bahasy onuň resmi kursundan 5 esse töweregi ýokarydyr.Halkara walýuta fondunyň hünärmenleri şu ýylyň aprelinde Türkmenistana eden saparynyň netijeleri boýunça çap eden beýanatynda Türkmenistanda beýleki meseleler bilen bir hatarda erkin walýuta dolanyşygyna ýol açmagyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Halkara maliýe guramasynyň missiýasy şu ýylyň 26-njy mart 9-njy aprel aralygynda Aşgabatda bolup, saparyň barşynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.Missiýanyň Aşgabada etjek nobatdaky saparynyň oktýabr aýynyň dowamynda amala aşyrylmagyna garaşylýar.

Türkmen manady soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda yzygiderli hümmedini ýitirýän wagty, türkmen häkimiýetleri daşary döwletler bilen geçirýän gepleşiklerinde ýerli pulda ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny ýola goýmagy teklip edýär. 16-njy sentýabrda türkmen-gyrgyz hökümetara geňeşiniň gyrgyz paýtagtynda geçirilen geňeşinde türkmen wekiliýeti Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky söwda geleşiklerini ýerli pulda amala aşyrmagy teklip etdi.

Türkmen resmileri ýurtda walýutanyň gara bazarynyň hereket edýändigini agzamaýar. Ýöne halkara bilermenler ýurduň içindäki maglumat elýeterliliginiň çäklidigine garamazdan, ýurduň ykdysadyýetini ýakyndan yzarlaýar.Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Jons Hopkins uniwersitetiniň ykdysadyýet boýunça professory Stiw Henki (Steve Hanke) 12-nji oktýabrda özüniň Twitter hasabatynda çap eden maglumatynda Türkmenistanda walýutanyň gara bazaryndaky bahalaryň ýeten derejesini hasaplady.

Onuň maglumatyna görä, Türkmenistanda walýutanyň resmi bahasy bilen onuň gara bazardaky bahasynyň arasyndaky tapawut 2019-njy ýylyň sentýabrynda 429 %-e çenli ýokary galdy, ýagny türkmen manadynyň gara bazardaky hümmeti onuň resmi bahasyndan 429 % has ejiz.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklary resmi derejede ykrar etmeýär.Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Henki: Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işini wagtlaýyn togtatmagyň wagty geldi
Henki: Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işini wagtlaýyn togtatmagyň wagty geldi
Aşgabat dünýäniň iň gymmat şäheri saýlandy
Ekspert: Türkmenistanda walýutanyň “gara bazardaky” aşa ýokary nyrhy inflýasiýa täsir edýär
Iki müň türkmenistanly ABŞ-da gaçybatalga durumy boýunça kazyýet diňlenişigine garaşýar