Hususy firmalara tölenen salgydyň gijikdirilendigi üçin jerime salynýar

Hususy firmalara tölenen salgydyň gijikdirilendigi üçin jerime salynýar

Aşgabatda dürli biznes işleri bilen meşgullanýan hususy firma eýeleri özleriniň öň köpçülige yglan edilmedik pensiýa salgydyny tölemäge mejbur edilendigini, indi bolsa özlerinden şol tölenen salgydyň gijikdirilendigi üçin jerimesini tölemegiň talap edilýändigini aýdýarlar.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlarynyň efirde agzalmazlygyny soran onlarça hususy firma eýesiniň Azatlygyň paýtagtdaky çeşmelerine aýtmaklaryna görä, 2017-nji ýylyň iýulynda ýurduň Salgyt gullugynyň resmileri özbaşdak firmalara aýlanyp, olaryň öz gazanjynyň 1%-ni Türkmenistanyň Pensiýa fonduna geçirmelidigi barada 2013-nji ýylda ýörite kararyň kabul edilendigini aýdypdyrlar we şol karary firma ýolbaşçylaryna görkezipdirler.

Şonda Salgyt gullygynyň resmileri hususy firmalaryň dört ýyl bäri bu salgydy tölemändigini aýdyp, girdejisine laýyklykda, olaryň her birinden Türkmenistanyň Pensiýa fonduna 10 000 20 000 manat aralygynda pul geçirmegi talap edipdirler.

“[Salgyt gullugynyň işgärleri firma eýelerine] siz girdejiňiziň 1%-ni ýurduň Pensiýa fonduna geçirmeli. Şony geçirmeseňiz, ýurtda kabul edilen kararlara, kanunlara boýun egmeýän adamlar hökmünde ýörite sud jogapkärçiligine çekilersiňiz, gerek bolsa, şol tölemedik salgydyňyz emlägiňiziň hasabyna alnar hem-de özüňizi-de azatlykdan mahrum etmä çenli baryp ýetjekdigiňizi duýdurýarys’ diýipdirler” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew hususy firma eýelerine salgylanyp gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, telekeçiler bu kararyň kabul edilendigi barada ne metbugatda bildiriş edilendigini, ne-de özlerine ýörite hat ugradylandygyny tekrarlasalar-da, bu pul serişdesini tölemäge mejbur bolupdyrlar.

Şondan soň olar “şunuň bilen ähli zat tamamlandy, öňümizdäki ýyllarda berk bolarys, indi arkaýyn işläris” diýip umyt edendiklerini, emma şu aýyň başynda Salgyt gullugynyň resmileriniň hususy firmalara öňki tölenen pensiýa salgydynyň gijikdirilendigi üçin, jerimesini tölemelidigini aýtmagy bilen bu umytlarynyň puja çykandygyny aýdýarlar.

“Etrap Salgyt gullugynyň işgärleri firma ýolbaşçylaryndan gelip gitmegi talap edýärlermişin.Baranymyzda, elimize resmi kagyz tutdurýarlar.Ine, siz 2013, 2014, 2015, 2016-njy ýyllarda Pensiýa fonduna geçirilmeli pullary gijikdirip geçiripsiňiz.

Gijikdirip geçireniňiz üçin şunça mukdardaky jerimäni tölemänsiňiz, indi şolaram töläň diýip, bize mart aýynyň soňuna çenli möhlet berdiler’ diýip, [telekeçiler] aýdýarlar” diýip, Bugaýew jerimäniň möçberiniň firmanyň girdejisine üýtgeýändigini we onuň ortaça 5 000 manada barabardygyny gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, telekeçiler Salgyt gullugynyň işgärlerine geçen ýylyň iýulynda Pensiýa gullugyna pul geçirenlerinde, bu jerime barada näme üçin özlerine duýdurylmandygyny soranlarynda, olara: Aýdylandyr, siz ýadyňyzdan çykaransyňyz’ diýip, gysga jogap beripdirler.

Telekeçileriň ençemesi aradan alty aý geçensoň, öňki tölenen pensiýa salgydynyň gijikdirilendigi üçin, jerimäniň talap edilmeginiň sebäplerini, Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwürde, häkimiýetleriň işewürlerden pul almak üçin edýän ýene bir “oýny” diýip düşündirýärler.

“Bu belli däl. Ýöne adamlaryň çaklamasyna görä, 2017-nji maliýe ýyly jemlenenden soňra, kellelerine gelip, indi bizden ýene-de pul almak üçin edilýän at göçümi diýip aýdýarlar” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Telekeçiler ýurtda türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna, ýagny amerikan dollaryna konwertasiýa etmekdäki çäklendirmeler we beýleki gadagançylyklar salgytlar sebäpli öz firmalarynyň öňem ýapylmagyň bäri ýanynda durandygyny aýdyp, bu goşmaça salgytlar sebäpli öz bizneslerini doly ýatyrmaklarynyň ähtimaldygyny belleýärler.

Azatlyk Radiosy bu mesele dogrusynda, Aşgabadyň Salgyt gullugy bilen habarlaşanda, haýsydyr bir kommentariý almak başartmady. Türkmen mediasynda bolsa, ýurtda telekeçiligiň ösmegi üçin “ähli şertleriň” döredilýändigi we “ösüş depginleri” baradaky sanlar getirilse-de, hususy firma eýeleriniň häzirki başdan geçirýän ýagdaýlary barada mesele gozgalmaýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly palwanlar 2024-nji ýyly ýeňişleriň tapgyryna besleýärler
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanly geý özi barada gürrüň bermek we diskussiýa başlamak isleýär
Taryhyň synagy (3-nji bölüm): Göçe-göçlük döwrüniň şaýatlary
Türkmenistanda esgerler şahsy hojalyklara günlükçi’ hökmünde ugradylýar
“Mamma Mia! Ine-de, täzeden başlaýarys” (Mamma Mia! Here We Go Again)
Türkmenistanly ýaş aktiwist Ömruzagyň kakasy oglunyň tussag edilmeginden soň ýogaldy