Husiler, Gyzyl Deňizde we Aden Aýlagynda Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Husiler, Gyzyl Deňizde we Aden Aýlagynda Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Ýemende Eýran tarapyndan goldanýan Husileriň, Gyzyl deňizde we Aden aýlagynda balistiki raketa hüjümini gurandygy nygtaldy.

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeliginden berlen beýannamada, “6-njy fewralda, Saud Arabystanynyň ýerli wagty bilen 01.45-den 04.30-a çenli Ýemeniň Husileriň gözegçiligi astyndaky sebitlerden Gyzyl deňize we Aden Aýlagyna 6 balistiki raketa atyldy” diýildi.

Raketalardan 3-niň Aden aýlagyndan geçip barýan Marşal adalarynyň baýdagyny göterýän Gresiýa degişli ýük gämisiniň nyşana alynandygy, hüjüm sebäpli gämä zeper ýetirlendigi, wakada ýaralananyň bolmandygy bellenildi.

Beýannamada, beýleki raketa hüjümleriniň bolsa ABŞ-na degişli harby tarapyndan öňüniň alynandygy, hüjümde Britaniýa degişli ýük gämisiniň nyşana alynandygy ýatladyldy.

Husileriň lideri Abdulmelik Al Husi, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri we gabawy bes edilýänçä, Gyzyl deňizde guraýan hüjümlerini dowam etdirmek bilen hemle atdy.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Ýurtlary TUSAŞ-a Guralan Hüjümi Ýazgardy
Husiler ABŞ-na Degişli Gämini Nyşana Aldy
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine Oraza baýramy mynasybetli gutlag iberdi
Aýsbergleriň Eremegi Dünýäniň Ýuwaş Aýlanmagyna Sebäp Bolýar
Iň eýjejik gyzjagaz — 2024 atly bäsleşigiň jemi jemlendi
Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Brain ring bäsleşigi geçirildi