Husiler, Gyzyl Deňizde Amerikan Gämilerini Nyşana Almaga Dowam Edýär

Husiler, Gyzyl Deňizde Amerikan Gämilerini Nyşana Almaga Dowam Edýär

Eýran tarapyndan goldanýan Ýemendäki Husiler, Gyzyl deňizde Amerikan flodyna degişli harby gämini nyşana alandyklaryny mälim etdi.

Husileriň metbugat sekretary Ýahýa Seri, sosial mediadan beren habarnamasynda, Gyzyl deňizde Husi güýçleriniň Amerikan flodyna guran hüjümi hakynda maglumat berdi.

Amerikan flodyna degişli “USS Grawely” gämisini “deňiz raketalary” bilen nyşana alandyklaryny aýdan Seri, ady agzalýan hüjümiň, Palestinanyň halkyna goldaw bermek we ABŞ bilen Britaniýanyň Ýemene guran hüjüminiň aryny almak maksady bilen guralandygyny mälim etdi.

Ýahýa Seri, “Ýemeniň ýaragly güýçleri, Gyzyl deňizde we Arap deňizinde ýurdumyza hüjüm guran Amerikan we iňlis harby gämileri bilen birlikde ähli gämileri, ýurdumyzyň we halkymyzyň özüni goramak hukugyna laýyklykda nyşana almaga dowam eder” diýdi.

Ýahýa Seri, Ýemeniň halkynyň Palestina goldaw bermäge dowam etjekdigine ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Husiler Iki Gämini Nyşana Aldy
Husiler, ABŞ-na Degişli Harby Gämini Nyşana Aldy
Husiler, Britaniýanyň Nebit Gämisini Nyşana Aldy
Husiler, ABŞ-na Degişli Uçarmansyz Howa Ulagyny Urup Düşürdi
Husiler Aden aýlagynda ABŞ-na degişli gämini nyşana aldy
Husiler: "Gyzyl deňizde ABŞ-na degişli bir gämä hüjüm guradyk" diýdi