
Eýran tarapyndan goldanýan Ýemendäki Husiler, Aden aýlagynda we Babul Mandew bogazynda Amerika degişli harby gämini nyşana alandyklaryny, 2 söwda gämisini hem yzyna ugradandyklaryny mälim etdi.
Husileriň metbugat geňeşçisi Ýahýa Seri, Gaza goldaw bermek hem-de ABŞ bilen Britaniýanyň Ýemene guraýan hüjümlerine garşy, Aden aýlagynda we Babul Mandew bogazynda ABŞ-nyň harby gämileri bilen çaknyşandyklaryny öňe sürdi.
Sebitdäki söwda gämilerini goraýan ABŞ-nyň harby gämileri bilen bolan çaknyşygyň 2 sagatdan gowrak dowam edendigini aýdan Seri, “ABŞ-nyň harby gämilerinden birini nyşana aldyk we 2 söwda gämisini hem yzyna ugratdyk” diýdi.
Hüjümleri balistiki raketalar bilen gurandyklaryny ünsi çeken Seri, ABŞ-nyň harby gämileriniň käbir bökdençliklerine garamazdan raketalar bilen guralan hüjümleriň maksadyna ýetendigini öňe sürdi.
Ýahýa Seri, Gyzyl deňizdäki hüjümlerini dowam etdirjekdiklerini aýtdy.