Hun Manet täze Premýer-ministr hökmünde tassyklandy

Kambojanyň Milli assambleýasy (parlamentiň aşaky palatasy) iýul aýynyň ahyrnda geçirilen ählumumy saýlawlarda dolandyryjy Kamboja Halk partiýasynyň gazanan ynamly ýeňşinden soň, Hun Maneti bäş ýyllyk möhlet bilen täze Premýer-ministr wezipesine belledi. Bu barada Kambojanyň Milli telewideniýesi (TVK) habar berdi.

Milli assambleýanyň 123 töweregi agzasy täze premýer-ministr Hun Maneta biragyzdan ses berdiler.

Ýurduň Milli assambleýasynyň düzümine 125 deputat girýär, olaryň 120-si Kamboja Halk Partiýasyna wekilçilik edýär, bäşisi Garaşsyz, bitarap, parahatçylykly we hyzmatdaşlyk edýän Kamboja (FUNCINPEC) Milli bileleşigine girýär.

Mundan öň, 38 ýyldan gowrak wagt bäri Premýer-ministr wezipesinde işlän Hun Sen wezipesinden çekiljekdigini we bu wezipäni uly ogly Hun Manete tabşyrjakdygyny mälim edipdi. Şeýle-de bolsa, 70 ýaşly lider indiki ýyl 25-nji fewralda geçiriljek saýlawlardan soň KHP-niň başlygy wezipesinde galjakdygyny, şeýle-de Senata (parlamentiň ýokarky palatasy) ýolbaşçylyk etjekdigini aýtdy.

Kamboja Patyşalygy hindihytaý ýarym adasynyň günortasynda ýerleşýän Günorta-Gündogar Aziýada bir döwlet. Paýtagty Pnompen. Ilaty 16 milliondan gowrak adam. 1993-nji ýyldan bäri – konstitusion monarhiýa, döwlet baştutany Patyşa. Kanun çykaryjy organ, iki palataly parlamentdir (Milli Assambleýa we senat). Gündogarda Wýetnam, demirgazykda Laos we demirgazyk-günbatarda Tailand bilen serhetleşýär.

Ýene degişli makalalar

Dolandyryjy Halk partiýasy ýeňiş gazandy
Halk partiýasy ýeňiş gazandy
Kambojanyň Patyşasy Hun Seniň ogluny täze Premýer-ministr edip belledi
Kambojanyň hökümeti köçelerdäki tanslara garşy göreşýär
Amerikan Saýlawy
Merkezi Aziýada ýitip barýan "demokratiýa adasy": Gyrgyzystanda oppozisiýany nähili basyp ýatyrýarlar?