Milli Goranmak ministri Hulusi Akar bilen Täze Zelandiýanyň Goranmak ministri Andrew Little iki ýurduň arasynda goranyş senagaty boýunça edilýän hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşdy.
Ministr Akar Täze Zelandiýaly kärdeşi bilen Kaýseride duşuşdy.
Kärdeşler iki ýurduň arasynda goranyş senagaty pudagy boýunça edilýän hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meselesi hakynda pikir alyşdy.
Ministr Akar, iki ýurduň arasynda Çanakkale söweşinden soň başlan dostlugyň güýçlenmek bilen dowam edýändigini belledi.
6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan we asyryň betbagtçylygy hökmünde häsiýetlendirlen ýer titremelerinden soň Täze Zelandiýa tarapyndan berlen kömekler üçin sagbolsun aýdan Akar, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlenmek bilen dowam etmegini arzuw edýändigini belledi.
Duşuşyga iki ýurduň Baş ştablarynyň başlyklary hem gatnaşdy.