Hulusi Akar "Penje Bürgüt-2" operasiýasy bilen bagly maglumat berdi

Hulusi Akar "Penje Bürgüt-2" operasiýasy bilen bagly maglumat berdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Yragyň demirgazygyndaky Gara sebitinde geçirilen "Penje Bürgüt-2" operasiýasy bilen baglanşykly: "Yragyň demirgazygynda barlygyny dowam etdirýän PKK-a garşy operasiýalarymyz barha artýan güýç we temp bilen arakesmesiz dowam edýär" diýip habar berdi.

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, TBMM-de eden çykyşynda, "Penje Bürgüt-2" operasiýasynyň gury ýer goldawy bolmadan 35 km alysda ýerine ýetirilendigini, operasiýanyň hil taýdan beýleki operasiýalardan tapawutlydygyny mälim etdi.

Ministr Hulusi Akar: "Operasiýa gury ýerden goldaw bolmadan we aragatnaşyk saklanmadan ýerine ýetirildi. Operasiýa örän gizlinlik we köptaraplaýyn taýarlykdan soň amala aşyryldy" diýip aýan etdi.

Hulusi Akar: "Dost we hyzmatdaşlarymyz bilen koordinasiýa esasynda geçirilen operasiýadan ozal nyşanalar seresaplylyk bilen saýlandy, operasiýanyň meýilleşdirilşinde we ýerine ýetirilişinde adamlaryň janlaryna zeper ýetmezligi üçin ünsli çemeleşildi we duýgurlyk görkezildi" diýip habar berdi.

Hulusi Akar Gara sebitinde geçirilen operasiýa bilen baglanşykly: "Ýöriteleşdirilen harby topar tarapyndan howpsuzlyk güýçlerine boýun egen 2 terrorçydan başga beýleki terrorçylar üçin boýun egmekleri barada çagyryş berildi, hiç kim çykyp boýun egmedi. Operasiýa gahryman harbylarymyz tarapyndan howpsuzlyk çäreleri görülip örän kyn şertlerde, dünýäniň aglaba ýurdy tarapyndan ýerine ýetirip bilmejek ýagdaýda geçirildi" diýip aýan etdi.

Hulusi Akar: "Operasiýanyň netijesinde 4-si ýokary derejeli ýolbaşçy bolan jemi 51 terrorçy öli, 2 terrorçy bolsa diri ýagdaýda ele salyndy" diýip mälim etdi.

Ministr Akar, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň terror guramasynyň özüni howpsuz ýagdaýda duýan Gara sebitinde serhetden 72 km alysda, 25 ind kilometrlik bir meýdanda, ekstremist terror guramasy PKK-a agyr ýitgiler çekdirendigini beýan etdi.

Hulusi Akar: "Terror guramasy düýn bolşy ýaly mundan soň hem özüni arkaýyn duýmaz. Hiç bir şehidimiziň gany şu wagta çenli ýerde galmady, mundan soň hem galmaz" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Terrorçy Kadir Çelik Tussag Edildi
MHG Siriýanyň Kamyşly etrabynda möhüm operasiýa geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Trampyň ýeňişi we ABŞ…
Ýene-de 3 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär