Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Azerbaýjanyň Goranmak ministri goşun generaly Zakir Hasanow bilen Konýada geçirilýän “Anadolu bürgüdi 2023” türgenleşigine gatnaşdy.
Ministr Akar türgenleşikde eden çykyşynda Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli halkara derejesinde azyk ýetmezçiliginiň başdan geçirilýändigini we Türkiýäniň bu kynçylygyň ortadan aýrylmagy üçin tagalla edýändigini belledi.
Akar, Türkiýäniň tagallasy netijesinde gazanylan Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygy bilen 30 million tonnadan gowrak gallanyň dünýä ýurtlaryna ýetirlendigini ýatlatdy.
Akar, “18-nji maýda ylalaşygyň möhledi dolýar. Şol möhletden soň ylalaşygyň dowam etdirilmegi üçin gepleşikler geçirýäris. Türkiýäniň, Russiýanyň we Ukrainanyň Goranmak ministrleriniň orunbasarlary BMG-nyň synçylary bilen birlikde gepleşikler geçirýär. Biz ylalaşygyň dowam etdiriljekdigine ynanýaryn. Bu hemmeler üçin peýdaly bolar” diýdi.