Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanowa, Ermenistanyň goşunynyň ot açmagy sebäpli şehit bolan azerbaýjanly esger üçin gynanç bildirdi.
Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Ministr Akar, Azerbaýjanyň Goranmak ministri Hasanow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Akar, düýn Kelbejerde, Ermenistanyň goşunynyň ot açmagy sebäpli şehit bolan azerbaýjanly esger üçin gynanç bildirdi.
Azerbaýjanyň pozisiýalaryny nyşana almak bilen ylalaşygy basgylan Ermenistanyň hüjüm ediji tutumyna garşylyk görkezen Akar, Türkiýäniň doganlyk ýurt Azerbaýjana goldaw bermäge dowam etjekdigini belledi.
Düýn günorta wagty, Ermenistanyň goşunynyň ot açmagy sebäpli azerbaýjanly 1 esger şehit bolupdy.