Tanymal hukuk goragçysy, weteran žurnalist Soltan Açylowanyň ýolunyň baglanyp, zor bilen hassahana ýerleşdirilmegi hukuk toparlary we ýerli ýaşaýjylar tarapyndan ýazgarylýar.
“Serdar Berdimuhamedow ýaş, täze pikirli, ösen we giň dünýägaraýyşly prezident diýsek, ol hem kakasynyň stalinçilik we sem etme syýasatyndan el çekip bilmäne meňzeýär, ýogsa kynmy gartaşan habarçy zenana edilýän zulumlary we basyşlary bes etmek?” diýip, garagumly daýhan zenan Mähri aýdýar.
“Türkmenistanyň häkimiýetleri Açylowany hem-de onuň maşgalasyny hassahanadaky eden-etdilikli tussaglykdan derhal boşatmaly we onuň, meýilleşdirilişi ýaly, Ženewa sapar etmegine rugsat bermeli” diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Human Rights Watch guramasy 20-njy noýabrda çap eden beýanatynda aýtdy.
75 ýaşly žurnalist Martin Ennals gaznasynyň dabarasyna gatnaşmak üçin, 20-nji noýabrda ir bilen Aşgabatdan Ženewa uçmaly ekeni. Ýöne ol şol gün irden sagat 6:30-da ak halatly adamlar tarapyndan öýünden Çoganlydaky ýokanç keselleri hassahanasyna zor bilen alnyp gidilýär.
Lukmanlar uly ýaşly zenanyň ýokanç kesele ýolugmakda gümän edilýändigini we onuň gyssagly hassahana barlagyndan geçirilmelidigini aýdýarlar.
Welaýatlaryň ýaşaýjylary, köp halatda oba ýaşaýjylary Soltan Açylowanyň ýolunyň ýapylmagyny ýiti ýazgarýarlar we bu waka bilen ýurtda adam hukuklarynyň gödek basgylanýandygyny aýdýarlar.
Sakarçäge we Garagum etraplarynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan daýhanlar Soltan Açylowa öz goldawyny tassyklap, bu hili hukuk kemsitmeleriniň gönüden-göni prezident Serdar Berdimuhamedowyň abraýyny pese gaçyrýandygyny aýdýarlar.
Açylowa garaşsyz žurnalist we hukuk goragçysy hökmünde Türkmenistanda ýönekeý adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar berýär, halkyň agysyna aglap, ýyllarboýy ýurt içinde häkimiýetleriň sem etmelerine sezewar bolýar.
Balkan, Daşoguz, Lebap we Ahal welaýatlarynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan oba ýaşaýjylary, hususan-da üpjünçiligi pes hojalyklar we pensioner raýatlar Soltan Açylowanyň zähmeti netijesinde, oba ýaşaýjylarynyň agyr durmuşy hakyndaky maglumatlaryň habar serişdelerinde peýda bolýandygyny aýdýarlar we ýurtda erkin žurnalistleriň işine ýol berilmegini goldaýarlar.
Ýöne baýry žurnalistiň ýolunyň baglanyp, zor bilen hassahana ýerleşdirilmegi diňe bir oba ýaşaýjylarynyň arasynda däl, eýsem, şäher ýaşaýjylarynyň, galyberse-de, ýurduň intelligensiýa wekilleriniň, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlaryň arasynda hem rezonans döretdi.
“Açylowa garşy gurnalan soňky gödek äsgermezlik häkimiýetleri abraýdan gaçyryjy faktor hökmünde hyzmat edýär” diýip, intellektual adamlar özara pikir alyşmalarda aýdýarlar.
Ýerli intellektuallar ýurtdaky syýasy durnuklylygyň ýiti sosial we ykdysady kynçylyklar zerarly çaýkanyp başlandygyny aýdýarlar. Olar şeýle ýagdaýlaryň fonunda amal edilýän sem etme çärelerini häkimiýetleriň howsala refleksi hökmünde düşündirýärler.
“Türkmen režimi indi özüniň howsala düşendigini aç-açan görkezip başlady, şonuň üçin hem häkimiýetler özleriniň ygtybarsyz hasaplaýan şahslaryna garşy basyş çärelerini ýygjamlaşdyryp başladylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli intellektuallary sitirleýär.
Muňa garamazdan, häkimiýetler repressiýanyň gerimini göz-görtele giňeltdigiçe, ilat arasynda dymyşlyk egsilip, gorky azalýar we açyk pikir alyşmalar batlanýar.
“Şeýle şertlerde adamlaryň öz hak-hukuklaryny talap etmegi, olaryň tankydy garaýyşlary dillendirmekleri has-da ýaýbaňlanýar” diýip, ýerli intellektuallar aýdýar.
“Şonuň üçin, bu gezek, Soltan Açylowanyň ykbaly barada ýurt içinde jemgyýetçilik tarapyndan soraglar eşidilip başlandy” diýip, olar belleýär.
Açylowa geçen ýyl düýbi Şweýsariýada ýerleşýän Martin Ennals gaznasynyň ynsan hukuklary baýragyna mynasyp boldy. Ol şonda hem gaznanyň Ženewada geçirýän dabarasyna gatnaşmak üçin, ýurtdan çykmaga synanyşanda häkimiýetler tarapyndan uçaryň bortuna goýberilmedi.
Şonda häkimiýetler Aşgabadyň halkara howa menzilinde hukuk goragçysynyň hem-de onuň gyzynyň pasportlaryny çygly süpürgiçler bilen ölläp, bu resminamalaryň ulanyşa ýaramaýandygyny aýdypdyrlar.
"Ak halatly adamlaryň Açylowany hem-de onuň maşgalasyny ýokanç keselleri hassahanasyna zor bilen alyp gitmegi sahnasynyň bir distopiýa filminiň senariýasyna çalym edýän bolmagy mümkin, ýöne bu, batyrgaý zenandan gorkýan hökümetiň ajy hakykatydyr.
Türkmenistanyň häkimiýetleri öňden bäri raýatlaryň hereket azatlygyna, hususan-da ýurduň berk repressiw hökümetini tankytlaýan Açylowa ýaly adamlaryň hereket azatlygyna gatyşyp gelýär” diýip, Human Rights Watch guramasy aýtdy.
Mundan ozal, Halkara adam hukuklary hyzmatdaşlygy (IPHR) we Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy hem Soltan Açylowanyň ýolunyň baglanyp, zor bilen hassahana ýerleşdirilmegini ýazgaryp beýanat ýaýratdy.
Türkmenistanda her näçe prezident çalyşsa-da häkimiýetleriň repressiw tejribeleri onlarça ýyl bäri şol öňküliginde galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.