1-nji oktýabrda, haçanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda, BMG-nyň Baş Assamleýasynyň 73-nji maslahatynda çykyş edende, “the Cotton Campaign” hukuk goraýjylar koalisiýasyna gatnaşyjylar BMG-nyň Baş edarasynyň ýanynda Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy protest aksiýasyny gurnadylar.
Protestçileriň ýene-de bir talaby bolsa, АНТ Türkmenistanyň alternatiw habarlary neşiri üçin pagta ýygymy wagtynda adam hukuklarynyň bozulyşy hakynda makala taýýarlan žurnalist Gaspar Matalaýewiň azat edilmegi barada boldy.
Protest aksiýasyny gurnajýylaryň we “the Cotton Campaign” koalisiýasyny ugrukdyryjylaryň biri Kril Boýçenko “Türkmenistanyň Hronikasy” bilen söhbetdeşlikde bu çärä 20 adamyň gatnaşandygyny, olaryň arasynda halkara hukuk goraýjy guramalaryň wekilleri bilen bir hatarda birnäçe Türkmenistan raýatynyň hem bolandygyny gürrüň berdi.
“Biz iki topara bölündik: birinji topar elleri plakatly BMG-niň binasynyň fonunda durdy, beýleki topar ýoluň garşy tarapynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň delegatlaryna listowka paýlady” diýip, Boýçenko aýtdy.
Protestiň BMG-niň baş edarasynyň gapdalynda geçirilendigine garamazdan, protetçiler Türkmenistanyň prezidentini görüp bilmediler. Emma, hukuk goraýjylaryň sözlerine görä, bu aksiýa ilkinji nobatda Baş Assambleýanyň maslahatyna gatnaşyjylaryň we türkmen pagtasyny satyn alyjylaryň ünsüni çekmäge gönükdirildi.
Ýatladýarys, mundan owal pagta ýygymynda çaga zähmetiniň we mejbury zähmetiň ulanylmagy bilen baglylykda, IKEA, H&M, Wrangler, Lee, Zara we başgalar ýaly tanymal brendler Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmekden ýüz öwürdiler.
Adidas, Columbia Sportswear, Designworks, Gap Inc., H&M, Marks & Spencer, Nike, Rowlinson Knitwear, Royal Bermuda, Sears Holdings, Varner Retail we VF Corporation hem (Turkmen Cotton Pledge) Türkmenistanyň pagtasyny ulanmazlyk barada öz üstlerine borçnama aldylar.
2018-nji ýylyň maýynda ABŞ türkmen pagtasynyň we ondan öndürilen önümleriň importyna gadaganlyk girizdi.
Krill Boýçenkonyň belleýişi ýaly: “Biziň Cotton Campaign koalisiýamyz Türkmenistanyň hökümeti bilen göni we konstruktiw gepleşik geçirmäge taýýar, emma şu wagta çenli biziň aragatnaşyga girmek synanyşyklarymyz netije bermedi”.