Hukuk goraýjy guramalaryň ÝB-Türkmenistan dialogyna beýanaty

29-njy martda Aşgabatda ÝB-niň we Türkmenistanyň wekilleriniň arasynda adam hukuklary boýunça ýyllyk Dialog geçirilýär.Bu Ýewropa parlamentiniň Türkmenistanda adam hukuklary pudagynda bolan progrese anyk çelgiler esasynda baha bermegi kesgitleýän rezolýusiýasy kabul edilenden soň geçirilen ilkinji şeýle duşuşyk bolar. ÝB-Türkmenistan partnýorlyk we hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekilmegi üçin bellenen talaplaryň ýerine ýetirilmegi gerek. Ýewropa parlamenti, Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy sebäpli, bu dokumente gol çekilmegini köp ýyl bäri soňa goýup gelýär.

Adam hukuklary guramalary bolan “International Partnership for Human Rights” (IPHR) we Adam hukuklary baradaky “Türkmen inisiatiwasy” (AHTI) toparlary bu çelgileriň kabul edilmegini gutlaýar we ÝB-niň öňde duran dialog mahalynda olaryň ýerine ýetirilmegini berk talap etmegine çagyrýar.

Talaplaryň sanawyna, beýlekiler bilen, şular girýär:

Ilatyň alternatiw maglumat çeşmelerine elýeterliligini päsgelçiliksiz üpjün etmek;

Garaşsyz žurnalistleri, raýat aktiwistlerini, hukuk goraýjylary we olaryň garyndaşlary ýurt iýinde we daşynda yzarlamagy bes etmek;

Pikir aýtmak we ýygnaklar azatlygyny üpjün etmek, hökümetden aýry jemgyýetçilik guramalarynyň hasaba alynmagy we işlemegi üçin çäklendirmeleri aýyrmak;

Ýurtdan çykmaga eden-etdilikli gadaganlyk girizmegi bes etmek we ozal ýurtdan çykmagyna ýol berilmedik adamlaryň päsgelçiliksiz çykyp bilmegini üpjün etmek;

Eden-etdilikli tussag etmeleri, adamlaryň zorlukly ýitirim edilmegini we türmede ýiten adamlaryň gynalmagyny bes etmek, olaryň ýerleşýän ýerleri we ykballary hakynda maglumat bermek;

BMG-niň we hukuk guramalarynyň tussaglaryň ýanyna baryp görmegine şert döretmek.

AHTI we IPHR öňde duran duşuşyga gabatlap Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna syn taýýarlady.

Ykdysady krizis ilata agyr degdi, şol bir wagtda resmi häkimiýetler adamlaryň alternatiw maglumat çeşmelerine elýeterliginiň çäklendirip, sosial-ykdysady meseleler barada gürrüň edenlere haýbat atyp, her edip, hesip edip onuň netijelerini ýaşyrmaga çalyşýarlar.

Häkimiýetler ilaty dürli baýramçylyklara köpçülikleýin çekmek, daşary ýurtlara gidýän adamlary alalap, bölekleýin gadaganlyga salmak praktikalaryny dowam etdirýärler.Syýasy sebäpler esasynda tussag edilen adamlar tussaglykdan boşadylmaýar.Olaryň ykbally näbelli bolmagynda galýar.

Garaşsyz adam hukuklary guramalary ýurt içinde işläp bilmeýär, BMG-niň adam hukuklary ekspertleriniň ýurda baryp görmek barada gaýta-gaýta edýän haýyşlary kanagatlandyrylmaýar.Häkimiýetler tarapyndan adamlaryň ýaşaýyş jaýlary ýumrulýar, olara degerli kompensasiýa berilmeýär.

Türkmenistan ÝB-niň şu wagtda çenli hyzmatdaşlyk we partnýorlyk şertnamasyna gol çekmedik ýeke-täk merkezi aziýa ýurdy bolmagynda galýar.

Synyň iňlis dilindäki doly görnüşi bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Açylowa türkmen hökümetini öz ýoluny baglap, zor bilen hassahana ýerleşdirmekde aýyplaýar
Adam hukuklaryny goraýjylar ÝHHG-niň maslahatyndan öň Türkmenistandaky bikanunçylyklara ünsi çekdiler
Hukuk toparlary, ýerli ýaşaýjylar hukuk goragçysynyň zor bilen hassahana ýerleşdirilmegini ýazgarýar
Hukuk toparlary zor bilen hassahana ýerleşdirilen žurnalistiň boşadylmagyna çagyrýar
Hukuk goraýjylar zor bilen hassahana ýerleşdirilen žurnalistiň boşadylmagyna çagyrýar
Tussag edilen aktiwist Galina Kuçerenko gyzy bilen duşuşmaga rugsat berildi